Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň wise-prezidenti Türkiýä we Germaniýa Orsýet bilen hyzmatdaşlyklary üçin duýduryş berýär 


ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pens Türkiýä we we Germaniýa Orsýet bilen edýän işleri babatda duýduryş berýär. 3-nji aprel, 2019.
ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pens Türkiýä we we Germaniýa Orsýet bilen edýän işleri babatda duýduryş berýär. 3-nji aprel, 2019.

ABŞ-nyň wise-prezidenti Maýk Pens Türkiýä we we Germaniýa Orsýet bilen edýän işleri babatda duýduryş berip, Ankara munuň “paýhassyzlykdygyny”, Berline bolsa Moskwanyň “ýesirine öwrülmek” töwekgelligine baş goşýandygyny aýtdy.

Pens bu sözleri 3-nji aprelde, Waşingtonda NATO agzalary bilen ýaranlygyň döredilmeginiň 70 ýyllygyna bagyşlanan çäreler wagtynda aýtdy. Türkiýe bilen Germaniýa bolsa bu ýaranlygyň uzak wagtlyk agzalary bolup durýar.

Pens Türkiýäniň ýer-asman goranyş ulgamyny satyn almagyna ABŞ-nyň garşylygyny dile getirip, Ankaranyň NATO-nyň esasy hyzmatdaşy bolup galmak bilen harby ýaranalyga wehim salmak töwekgelliginiň haýsam bolsa birini saýlamalydygyny, Türkiýäniň Orsýetden ýarag satyn almak ylalaşygynyň NATO üçin uly howp döredýändigini aýtdy.

"Türkiýe ikiden birini saýlamaly. Ol taryhdaky iň rowaç harby ýaranlygyň aýgytly ýarany bolup galmak isleýärmi ýa-da ýaranlygyň aýagyny köwýän paýhassyz kararlary kabul etmek bilen hyzmatdaşlygyň howpsuzlygyny gowşatmak töwekgellgine ýüz urmak isleýär?” diýip, Pens aýtdy.

XS
SM
MD
LG