Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owadandepede tebigy gazdan benzin öndürjek zawodyň açylmagy yza süýşürildi


Gurbanguly Berdimuhamedow Owadandepede gurulýan zawodyň gurluşyk işleri bilen tanyşdy, 10-njy ýanwar, 2018-nji ýyl.

Ahal welaýatynyň Owadandepe diýen ýerinde tebigy gazdan sintetiki benzin öndürmek üçin gurulýan zawodyň açylmaly senesi ýarym ýyl yza süýşürildi diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri habar berýär.

Bu desgany 2018-nji ýylda açmak planlaşdyrylypdy, indi TDH onuň şu ýylyň tomsunda ulanmaga beriljekdigini habar berýär.

Tslamanyň tehniki bölegine Ýaponiýanyň Kawasaki Heavy Industries, Ltd. we Sojitz kompaniýalary jogap berýär, prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedow martyň aýagynda Ýaponiýa sapar edende olaryň wekilleri bilen duşuşdy.

Ahal welaýatynda gurulýan zawodyň gurluşygy “Türkmengaz” döwlet konserni we Ýaponiýanyň Kawasaki Heavy Industries Ltd. We Türkiýäniň Ronesans Endustri Tesisleri Insaat Sanayi ve Ticaret A.S. kompaniýalarynyň döreden konsorsiumy tarapyndan alnyp barylýar.

Bu taslama Ýaponiýanyň JBIC banky tarapyndan maliýeleşdirilýär we oňa $2 mlrd serişde goýberildi diýip, “Fergana” habar gullugy ýazýar. Täze zawod ýylda Euro-5 standartyndaky A-92 benzininiň 600 müň tonnasyny öndürmäge niýtlenip gurulýar.

Habar neşirleriniň maglumatlaryna görä, bu kärhananyň geljegi şübheli görünýär, sebäbi gazdan alynýan benzin nebitden alynýan benzine garanda gymmat düşýär.

Täze Zelandiýada, Malaýziýada we ABŞ-nyň Luiziana ştatynda şunuň ýaly desgalar global nebit bahalary arzanlamazyndan öň batyp galdy diýip, habarlarda aýdylýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG