Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda sambo boýunça dünýä çempionaty Aşgabatda geçiriler


Aşgabadyň sporta bagyşlanan şäherjigi. Illýustrasiýa suraty
Aşgabadyň sporta bagyşlanan şäherjigi. Illýustrasiýa suraty

Bu barada Halkara sambo federasiýasynyň Ýerine ýetiriji komiteti 22-nji martda Moskwada geçiren ýygnagynda karar kabul etdi.

Ýygnaga Russiýanyň Olimpiýa komitetiniň prezidenti Stanislaw Pozdnýakow, Halkara sambo federasiýasynyň prezidenti Wasiliý Şestakow, Aziýanyň sambo bileleşiginiň prezidenti Allamjon Mullaýew we komitetiniň beýleki ýokary derejeli agzalary gatnaşdy.

Ýerine ýetiriji komitetiň alan kararynda Aşgabatda geçiriljek çempionatynyň ýyly aýdylsa-da anyk senesi aýdylmaýar. Üstümizdäki sambo boýunça dünýä çempionaty 2019-njy ýylyň 7 – 11-nji noýabr aralygynda Seulda geçiriler.

Halkara sambo federasiýasynyň prezidenti Wasiliý Şestakowyň Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen haty 30-njy martda döwlet eýeçiligindäki “Türkmenistan” gazetinde çap edildi.

Onda Şestakow türkmen prezidentine sambo çempionatynyň 2020-nji ýylda Aşgabatda geçiriljekdigini habar berýär hem-de bu mynasybetli özüniň gutlag sözlerini beýan edýär.

Şeýle-de Halkara sambo federasiýasynyň hatynda Berdimuhamedowyň sambony ösdürmek boýunça “bitiren işlerine” minnetdarlyk bildirilýär.

“Türkmenistan” gazeti 1-nji aprelde çap eden habarynda, sambo boýunça dünýä çempionatynyň Türkmenistanda geçirilmegini türkmen halkyna Türkmenistanyň gazanan üstünligi diýip düşündirdi.

Türkmenistan ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda soňky ýyllarda köp sanly halkara sport ýaryşlaryna beýemçilik edýär.

Geçen ýylyň iýun aýynda sport habarlaryny çap edýän neşirler Ýapyk welotrek boýunça nobatdaky Dünýä çempionatynyň 2021-nji ýylda Aşgabatda geçiriljekdigini habar berdi.

2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlaryna niýetläp, türkmen hökümeti paýtagtda, resmi metbugatyň habarlaryna görä, bahasy 5 milliard dollarlyk Olimpiýa şäherjigini bina etdi.

Şonda Azatlygyň ýurt içindäki çeşmeleri halkara sport bäsleşiklerini geçirmek üçin türkmen hökümetiniň 10 milliard dollardan gowrak maliýe serişdesini harçlandygyny aýdýar.

Halkara çempionatlar bu sport şäherçesinde geçirilýär.

Aşgabatda 2018-nji ýylyň 1 – 10-njy noýabr aralygynda Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty geçirildi.

2018-nji ýylyň sentýabr aýynda “Amul – Hazar-2018” halkara awtorallisi geçirildi.

Şondan bir ýyl ozal paýtagtda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlary geçirildi.

Bu halkara sport çäreleriň ählisi ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň fonunda bolup geçýär. Şeýle-de Aşgabatda häkimiýetler şeýle çäreleriň öňýany paýtagty eýesiz it-pişiklerden arassalap durýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýar. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG