Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Amul-Hazar" rallisi sebäpli baglanan ýollar maldarlaryň gün-güzeranyna "zarba urýar"


"Amul-Hazar" rallisiniň duralgadaky wagzy

Türkmenistanda “Amul-Hazar” awtorallisi dowam edýär, ýaşaýjylar onuň öz gün-güzeranlaryna zarba urýandygyny, maşgala eklenjine zyýan ýetirýändigini habar berýärler.

Şol bir wagtda “Amul-Hazar” rallisini geçirmegiň, hususan-da 1571 kilometrik ralli ýoluny taýynlamagyň türkmengaznasyna näçä düşýändigi, ralliniň geçirilýän wagtynda ýerli adamlara goşmaça gazanç etmek mümkinçilikleriniň döredilişi barada hiç bir maglumat berilmeýär.

Awtoralliniň ilatyň gündelik durmuşyna ýetirýän zyýany oňa badalga berilmezinden azyndan 20-25 gün öňünden, ilki Lebap welaýatynda, soň Mary, Ahal, Daşoguz, Balkan welaýatlaryndaýollaryň baglanmagy bilen başlandy” diýip, Azatlygyň çeşmeleri welosipedçileriň, uzak aralyga ylgaýjylaryň welaýatlaryň arasynda eden ýörişleri wagtynda ýollaryň azyndan 3-4 günläp ýapylandygyny habar berdiler.

Welaýatlaryň arasyndaky ýollaryň 3-4 günläp ýapylmagy oba ýerlerinden şäherlere ekin, gök we maldarçylyk önümlerini getirip gazanç edýän, maşgala ekleýän müňlerçe adamyň maşgala býujetine urlan zarba boldy, munuň üstesine, adamlar saglyk zerurlyklary, ol ýä-dä beýleki näsaglygy üçin lukmana görünmek, şäherlerdäki hassahanalarda ýatan näsaglarynyň yzyndan barmak, olara hemaýat etmek ýaly mümkinçiliklerinden hem ençeme günläp mahrum edildi diýip, Azatlygyň habarçylary bilen gürleşen ýaşaýjylar aýtdylar.

Bu ýagdaý, ýurduň bäş welaýatyny alanyňda, orta hasap bilen 20 gün dowam etdi diýip, ralliniň ýönekeý adamlaryň durmuşyna ýetirýän täsirini öwrenen çeşme habar berdi.

Edil şu gün Marydan gaýdan rallä gatnaşyjylar Derwezä gelip ýetdi, şu ikaralykda hem Mary welaýaty bilen Ahal welaýatynyň aralygyndaky ýollar ýapyk dur, munuň üstesine Ahal welaýatynyň günbatar bölegi, Balkan welaýaty bilen araçäk ýollary hem ýapyk dur” diýip, çeşme habar berýär.

Şeýle-de, ralli bilen bagly mahabat, şowhun çärelerine gatnaşmak üçin hem her welaýatdan müňlerçe adam Garaguma, ralliniň geçýän ýollarynyň boýuna çekildi. Olaryň bir topary ýollaryň gyrasynda janly diwar bolup, şuwhun etmeli, baýdak galdyrmaly, aýdym aýtmaly bolsa, beýlekileri at münüp,rallä gatnaşyjylaryň öňünden çykmaly.

Türkmenistanda guralýan çäreleriň gapdalyndan oňa şowhun, mahabat bermek üçin çekilýän adamlara halk içinde “çäreçiler” diýilýär. Adatça bolşy ýaly, rallä şowhun berijiler bu gezek hem azyndan üç-dört gün ýabany durmuş şertlerine geçmeli boldular, olaryň baran ýerlerinde “çereçiler üçin” diýlip döredilen aýratyn durmuş-ýaşaýyş şertleri ýok diýip, çeşme aýtdy.

Aýdylmagyna görä, wakanyň geçýän ýerlerine köne awtobusly eltilen çäreçilere Derwezede we beýleki ilatly nokatlarda, ralliniň geçjek ýolunyň ugrunda gurlan ak öýlere girmäge rugsat berilmeýär.

Balkan welaýatyndan şu gün gelip gowşan maglumatlara görä, bu sebitiň hem bir topar obasyndan şähere gelýän ýollaryň ençemsi ýapyk dur we häkimiýetler munuň şeýle boljagyny öňünden resmi ýagdaýda mälim hem etmändir.

Krasnowodsk-Türkmenbaşy şäherine üç tarapdan – gündogar, günbatar we demirgazykdan gelýän ýollarda köçe-ýol hereketine gözegçilik edýänler adamlara 13-i, 14-i we 15-i günleri şähere geljek bolmaň, ýol ýapyk bolar diýip aýdypdyrlar. Bu ozalam işsiz we gapysyndaky malyna-beýlekä daýanyp, bazara önüm çykarýan adamlaryň eklenjine urlan zarbadan başga hiç zat däl” diýip, Azatlygyň Balkan welaýatyndaky çeşmesi aýtdy.

Mary. Hojalyk mallary.
Mary. Hojalyk mallary.

Onuň sözlerine görä, Türkmenbaşy şäheriniň töweregindäki obalaryň tas ählisi maldarçylyk bilen meşgullanýar, sebäbi obada başga iş juda az.

Ýollaryň ýapylmagy ýüzlerçe hojalykda her gün iki wagtyna sagylýan sygyrlaryň, düýeleriň süýtleriniň, süýt-gatyk, süzme, çal, agaran ýaly oba ýerinde uzak saklamasy kyn önümleriň, bazara çykaryljak mallaryň ýa mal etleriniň bazarynyň ýapylmagyny we adamlaryň gündelik gazanjyndan kesilmegini aňladýar.

Düýäni, sygry günde iki wagtyna sagmasaň bolanok, obalarda bolsa 5-25 aralygynda düýe sagýan hojalyklar bar” diýip, balkanly çeşme aýtdy.

Ol bu ýagdaýyň Nebitdagyň töweregindäki obalara hem degişlidigini, sebäbi ol ýerlerdäki maldarlaryň hem bazar ýollarynyň ýapylandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG