Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öňki prezidentleriň eldegrilmesizligini aýyrmaly kanun olaryň goragyny berkitdi


Kanun taslamasynyň awtorlarynyň biri Ishak Masaliew

Başda Gyrgyzystanyň ozalky prezidenti Almazbek Atambaýewi jogapkärçilige çekmek üçin işlenip düzülen kanun taslamasy ozalky prezidentleriň eldegrilmesizligini saklap galmaga gönükdirildi.

Gyrgyzystanyň parlamenti 4-nji aprelde bu kanun taslamasynyň ahyrky redaksiýasyny 111 deputatyň goldamagynda, 3 deputatyň garşylygynda kabul etdi.

Kanun taslamasynyň awtorlarynyň biri Ishak Masaliew özüniň bu taslamanyň ahyrky beýan edilişine garşydygyny aýtdy.

Ol bu taslamanyň başda öňki prezidentleriň kanuny jogapkärçilige çekilmekden boşadylmagyny, ýagny eldegrilmesizligini aýyrmak niýetinden ugur alandygyny, emma soň onuň iň soňky redaksiýasynda “tersine, eldegrilmesizligi berkidendigini” aýtdy.

Bu taslamanyň ilkinji redaksiýasy dekabrda, käbir kanun çykaryjylaryň we beýleki syýasatçylaryň Atambaýewiň prezident wagty kabul eden kararlaryny derňemäge çagyrýan wagtynda tassyklandy.

Emma ol soňra beýleki kanun çykaryjylaryň teklipleri netijesinde düýpli üýtgedildi.

XS
SM
MD
LG