Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azatlygyň habarlaryndan soň, prezident içeri işler ministrine "berk käýinç" yglan etdi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

4-nji aprelde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň içeri işler ministri Isgender Mulikowa “berk käýinç” yglan etdi.

Prezident Berdimuhamedow penşenbe güni Döwlet howpsuzlyk geňeşini geçirdi. TDH-nyň maglumatyna görä, onuň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň soňky üç aýda bitiren işleriniň jemlerine garaldy.

Mejlisiň dowamynda prezident “ýolagçy gatnatmak boýunça ulag hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge ygtyýary bolmadyk käbir sürüjileriň ýol hereketiniň düzgünini gödek bozup, ulag hadysalarynyň, heläkçilikli ýagdaýlaryň döremegine sebäp bolýanlarynyň bardygyny belledi” diýip, döwlet mediasy habar berýär.

Döwlet baştutany bu ugurda içeri işler ministri Isgender Mulikowyň alyp barýan işlerine düýpli nägilelik bildirip, oňa “berk käýinç” yglan etdi.

Resmi metbugat ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek boýunça ministre soňky gezek duýduryş berlendigini aýdýar.

Berdimuhamedow mundan ozal-da birnäçe gezek Mulikowa resmi derejede käýäpdi.

Ýöne prezidentiň yglan eden bu saparky “berk käýinji” Azatlyk Radiosynyň öz baýry žurnalistini, ýazyjy we şahyr Amanmyrat Bugaýewi, ilhalar ynsan Amanmyrat agany pajygaly ýol hadysasynda ýitirmeginiň yzýanyna gabat geldi.

Amanmyrat aganyň ýurt içinden Azatlyk Radiosyna ýetiren iň soňky maglumaty hem Aşgabat – Türkmenbaşy ýolunyň ugrunda adam ýitgilerine getiren ýol hadysasy barada bolupdy.

Ol 2-nji aprelde Aşgabat – Türkmenbaşy magistral ýolunyň 392 – 405-nji kilometr aralygynda 4 adamyň ölümine, 10 adamyň agyr ýagdaýda ýaralanmagyna getiren ýol heläkçilik hadysasy barada habar beripdi.

Bu habaryň ertesi güni, 3-nji aprelde Amanmyrat aganyň özi iş tabşyrygy bilen Balkan welaýatyna eden saparyndan dolanyp, takside Aşgabada gelýärkä ýol üstünde pajygaly ýagdaýda wepat boldy.

“Amanmyrat aganyň aradan çykmagy türkmenler üçin uly ýitgidir” diýip, Azatlygyň bir okyjysy özüniň gynanç hatynda ýazýar.

“Amanmyrat aga Türkmenistan ýaly iň bir ýapyk ýurtdan hem halka hyzmat edip boljakdygyny hemmelere subut etdi. Muny Türkmenistanyň häzirki we geljekgi ýaş nesillerine juda gymmatly görelde hasaplaýaryn” diýip, beýleki bir okyjy ýazdy.

“Hakykaty aýdýan adamlar gün-günden azalýar” diýip, başga bir okyjy gynanjyny beýan etdi.

“Men Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Türkmen gullugynyň, “Azatlyk” radiosynyň habarçysy Amanmyrat Bugaýewiň iş üstünde mahaly pajygaly ýagdaýda aradan çykandygy zerarly onuň maşgalasyna we kärdeşlerine gynanjymy bildirýärin” diýip, 3-nji aprelde Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň metbugat azatlygy boýunça wekili Harlem Desir çykyş etdi.

Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna gynanç hatlarynyň gelip gowuşmagy dowam edýär. Olarda merhuma iman baýlygy, maşgala agzalaryna çuňňur gynanç bildirilýär; yzda galanlara uzak ömür dileg edilýär.

Içeri işler ministri Isgender Mulikowa betbagtçylykly ýol hadysalary bilen baglylykda käýinç beren Berdimuhamedow mundan ozal-da oňa birnäçe gezek “käýinç” ýa-da “berk käýinç” yglan edipdi. 4-nji aprelde geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşinde oňa soňky duýduryş berildi.

Ýöne Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň 27-nji aprelinde-de oňa soňky duýduryş beripdi.

Mulikowa 2018-nji ýylyň ýanwar aýynda-da başga bir kemçilik bilen baglylykda, ýagny işgärleri saýlap-seçip almakda we ýerli-ýerinde goýmakda goýberen kemçilikleri üçin soňky duýduryş berlipdi.

Soňky yglan edilen käýinç Mulikowyň alan 11-nji käýinji, çen bilen aýdylanda, 3-nji soňky duýduryşy bolýar.

Ol 2009-njy ýylyň maýynda 34 ýaşynda içeri işler ministri wezipesine bellenipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýar. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG