Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Mulikowa ýene duýduryş berildi, prokurorlar planlaryň dolmagyna gözegçilik eder


Türkmenistanyň içeri işler ministri Isgender Mulikow

Türkmenistanyň içeri işler ministri Isgender Mulikowa berk käýinç yglan edildi hem-de, ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek üçin, soňky duýduryşy berildi. Bu Mulikowa 2009-njy ýylyň maýynda, 34 ýaşynda ministr belleneli bäri berlen dokuzynjy berk käýinçdir.

Türkmen mediasynyň maglumatyna görä, Mulikow "wezipe borçlaryny talaba laýyk berjaý etmezlikde” aýyplanýar. Şeýle-de TDH onuň “işgärleri saýlap-seçip almakda we ýerli-ýerinde goýmakda kemçilik goýberendigini” habar berýär. Emma muňa garamazdan, Mulikowyň işe bellän resmileriniň nähili terslik edendigi ýa-da prezident üçin nähili tutaryk berendigi anyklaşdyrylmaýar.

Azatlygyň ýurt içindäki çeşmeleriniň geçen ýylyň fewral, maý aýlarynda we soňra beren maglumatlaryna görä, 43 ýaşyndaky Mulikowyň ýokarsyndaky “bulutlar has öň goýalyp başlady” we ol 2017-nji ýylda birnäçe gezek, saglyk ýagdaýy sebäpli, işden çekilmäge synandy. Emma prezident Berdimuhamedow ony işden goýbermedi diýip, Azatlygyň hökümetdäki çeşmesi Mulikowa ozalky baş prokuroryň ykbalynyň garaşýan bolmagynyň ähtimaldygyny duýdurdy.

Şeýle-de çeşme Türkmenistanda maý aýynda turan korrupsiýa galmagalyna prezidentiň Aşgabatda sentýabr aýynda geçirilen 5-nji Aziýa oýunlaryna gurply adamlardan serişde toplamak tabşyrygynyň ýerine ýetirilmezliginiň sebäp bolandygyny aýtdy.

Bu oýunlar, ekspertleriň bellemegine görä, Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllaryndaky iň agyr ykdysady krizisine gabat geldi we türkmen gaznasyna 10 milliarda golaý dollara düşdi. Şondan bäri onlarça resmi korrupsiýada aýyplandy, emma ozalky baş prokuror Amanmyrat Hallyýewden, ozalky baş sudýa Begenç Çaryýewden we özünden öňki içeri işler ministrlerinden tapawutlylykda, I.Mulikow öz wezipesinde has uzak saklandy.

TDH-nyň 10-njy ýanwarda geçirilen döwlet howpsuzlyk geňeşinden beren maglumatynda nygtalmagyna görä, prezident Mulikowdan “jenaýatçylyga garşy göreşmek we jemgyýetçilik howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerinde” gözegçiligiň has-da güýçlendirilmegini talap edýär.

Bellemeli ýeri, Türkmenistan sebitde ilatyň jan başyna iň kän tussag düşýän ýurtlaryň biri hasaplanylýar we her ýylda müňlerçe tussag prezidentiň günä geçmeleri esasynda azatlyga çykarylýar. Emma çeşmeler boşan türme orunlarynyň iki-üç aýa galman dolýandygyny habar berýärler.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde ýurduň prokuratura organlarynda hem kadrlaryň orunlary çalşyryldy. Aşgabat şäheriniň prokurory Döwletmyrat Mürrikow, Lebap welaýatynyň prokurory Alymmuhammet Akmuhammedow Türkmenistanyň baş prokurorynyň orunbasarlygyna bellenildi, Daşoguz welaýatynyň prokurorynyň orunbasary Serdar Mälkgulyýew Aşgabadyň prokurorlygyna bellenildi, Türkmenbaşy, Gumdag, Baýramaly şäherleriniň, Lebabyň Dänew etrabynyň prokurorlary çalşyryldy. Emma bu kadr çalyşmalarynyň sebäbi aýdylmaýar.

Ýöne TDH-nyň habarynda başga bir ünsi çekýän täzelik bar, indi baş prokurordan “milli we pudaklar boýunça maksatnamalaryň, şeýle hem ýurduň sebitlerini ösdürmek boýunça meýilnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek” talap edilýär.

Gepiň gerdişine aýdylsa, prezident Berdimuhamedow ýerine ýetirilmedik işler ýa doldurylmadyk planlar babatda prokuror gözegçiliginiň güýçlendirilmegini geçen ýyl talap edip başlady. Döwlet baştutanynyň sözlerine görä, prezidentiň bellän ösüş programmalary haýal durmuşa geçirilýär we muňa daýhan hojalyklary bilen birlikde ministrlikleriň ýolbaşçylary hem jogapkär bolup durýar.

Ýöne prezident geçen ýylyň noýabrynda öz diýýän “özgertmeleriniň durmuşa geçirilmegine ýaramaz täsir ýetirýän ýagdaýlary aradan aýyrmak” wezipesini esasan MHM-niň üstüne ýükledi. Şol bir wagtda Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreş gullugy indi ençeme aý bäri ýurduň dürli edara-kärhanalaryna derňew işlerini alyp barýar.

Teswirleri gör (5)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG