Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkana we Mara gelen silden soň, türkmen häkimiýetleri siliň öňüni almak üçin emeli kanallary gurýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmen häkimiýetleri Ahal we Balkan welaýatlarynyň käbir etraplarynda siliň öňüni almak üçin emeli kanallary gurýarlar diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri habar berýär. Bu waka ýurduň birnäçe welaýatynyň etraplaryny sil suwunyň basmagynyň yzýanyna gabat geldi.

Anonim şertde maglumat beren habarçynyň tassyklamagyna görä, bu emeli kanallary buldozer we beýleki tehnikasy bar bolan döwlet eýeçiligindäki gurluşyk kärhanalary gurýarlar.

“Bu kanallar Ahalyň Gökdepe we Bäherden etraplarynda hem-de Balkanyň Serdar we Bereket etraplarynda gurulýar. Gurluşygy alyp barýan kärhanalar öň Garagum kanalynyň we emeli kölüň gurluşygynyň üstünde hem işläpdiler” diýip, habarçy 4-nji aprelde gürrüň berdi.

Bu emeli kölleriň uzynlygy we ini, şeýle-de olaryň agzalýan dört etrabyň anyk nirelerinden geçjekdigi we ozaldan ýaşap oturan ýerli ýaşaýjylaryň durmuşyna täsir ýetirjekdigi ýa-da ýetirmejekdigi häzirlikçe nämälim bolup galýar. Bu barada döwlet metbugatynda-da hiç zat aýdylmaýar.

Emma türkmen häkimiýetleriniň ýurduň käbir welaýatlarynda siliň öňüni almak üçin emeli kanallary gurmak çäreleri, Balkanyň we Marynyň birnäçe etrapdyr obalaryna siliň gelmeginiň yzýanyna gabat geldi.

30-njy martda yzygiderli ýagan çabgaly ýagyşlar netijesinde dörän suw joşmalaryndan Mary welaýatynyň Tagtabazar şäherini sil basdy.

Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň ýaşaýjylary sebitdäki suw joşmalary, ýollary we ilatly ýerleri basan sil suwlary zerarly bir hepde bäri gabawda otyr diýip, 29-njy martda Azatlygyň ýerli habarçysy habar berdi.

Mart aýynyň 18-den 19-na geçen gije güýçli ýagan ýagşyň netijesinde Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň administratiw merkezini we 10-a golaý obasyny sil suwy basdy.

20-nji martda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “sil gelmegi bilen baglanyşykly öňüni alyş çärelerini öz wagtynda guramak boýunça zerur işleri geçirmändigi üçin” diýip, goranmak ministri Begenç Gündogdyýewe duýduryş we onuň orunbasary — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň başlygy Döwran Durdyýewe käýinç yglan etdi.

Bu soňky ýyllarda döwlet baştutanynyň ýa-da türkmen resmileriniň ýurtda tebigy betbagtçylygyň bolandygyny tassyklamagy bilen bagly ilkinji waka bolsa-da, ýurtda siliň nirä gelendigi, näderejede zyýan ýetirendigi barada dymyşlyk dowam edýär.

Geçen ýylyň maýynda güýçli ýagan ýagşyň netijesinde Aşgabat şäherini sil suwy basypdy. Şuňa meňzeş ýagdaý 2017-nji ýylyň sentýabrynda Ahal we Balkan welaýatlarynda hem gaýtalanypdy. Türkmen häkimiýetleri we resmi metbugat bu tebigy betbagtçylyklaryň ikisinde hem dymypdy.

Türkmen häkimiýetleri sil suwlarynyň öňüni almak maksady bilen sil sowalgasyny gurmak barada soňky ýyllarda ilkinji gezek 2017-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda gürrüň edipdi. Şonda hökümet maslahatynda Aşgabadyň gapdalyndan sil sowalgasyny gurmak üçin hödürlenýän täze proýekt tassyk edilipdi.

Taslama laýyklykda, Köpetdagyň eteginden we şäheriň uzaboýuna uzynlygy 33 kilometr bolan sil akabasyny gurmak, sil suwunyň akyp gelýän uly jarlaryny akaba birikdiriji desgalary, akabanyň awtomobil we demir ýollary bilen kesişýän ýerlerinde köprüleri bina etmek teklip edilipdi.

Şeýle-de, “sil suwunyň Garagum derýasyna düşmeginiň öňüni almak üçin göwrümi 15 million kubmetr bolan sil suwlaryny jemleýji aýratyn howdanyň guruljakdygy” hem bellenilipdi.

Emma aradan bir ýarym ýyldan gowrak wagtyň geçendigine garamazdan, türkmen metbugatynda Türkmenistanyň Oba we suw hojalygy ministrliginiň “Türkmensuwylmytaslama” instituty hem-de Aşgabat şäheriniň häkimliginiň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan bu taslama we onuň häzirki tapgyry barada hiç zat aýdylman gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG