Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tagtabazarda sil ýüzlerçe öýi ýumurdy


Tagtabazar (arhiw suraty)
Tagtabazar (arhiw suraty)

Türkmenistanyň günorta-gündogar böleginde silden 700 çemesi ýaşaýyş jaýa zeper ýetdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň regiondaky habarçylary maglumat berýärler.

"Tagtabazarda suwdan we silden 700-e golaý jaýa zeper ýetdi. Etrap merkeziniň özünde 300-dan gowrak jaýa zeper ýetdi, olardan 70 çemesi doly ýumruldy" diýip, Azatlygyň habarçysy 4-nji martda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, zyýan çekenleriň arasynda Marçak, Ýaşlyk, Baýraç obalary hem bar.

"Bu ýerde hem zeper ýeten jaýlar köp. Suw diňe duşenbe güni çekildi, emma palçyk dyzyňa ýetýär. Ýerli häkimiýetler çäre görmeýärler, öz-özünden guramagyna garaşýarlar" diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.

​Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda sil geçen anna güni 29-njy martda gije döredi. Tebigy betbagtçylyga güýçli ýagyn sebäp boldy.

​Şaýatlar suwuň Tagtabazaryň merkezini basandygyny habar berdiler. Şonda Azatlyk Radiosyna Tagtabazaryň diňe etrap merkezinden maglumat almak başardypdy. Bu ýerde ençeme bina uly zyýan ýetendigi, şäheriň sil basan “Mikroraýon” diýilýän etrapçasynyň daşynyň harbylar hem-de polisiýa işgärleri tarapyndan gabalandygy mälim bolupdy.

"Suw basan ýere esli wagtlap hiç kim goýberilmedi” diýip, şonda Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Ýerli ýaşaýjylar öz öýlerini terk edip, şäherdäki beýiklikde tutuş gijesini meýdanda geçirmäge mejbur bolupdy. Diňe günüň ertesi sagat 12:30 töwereginde adamlara öýlerine dolanmaga rugsat berdiler.

Tagtabazar etraby Owganystan bilen serhediň golaýynda ýerleşýär. Güýçli sil Türkmenistan bilen goňşy Owganystanda we Eýranda boldy we bu ýurtlara uly maddy zyýan ýetirip, adam pidalaryna sebäp boldy.

Sil sebäpli goňşy Eýrana resmi taýdan duýgudaşlyk bildiren Türkmenistan öz ýurdundaky tebigy betbagtçylygy we onuň öz ilatyna ýetiren täsirini agzamady.

Türkmenistanda güýçli ýagyn we sil 18-nji martdan 19-njy marta geçýän gijesi emele geldi.

19-njy martda irden Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň ona golaý obasy silden ejir çekdi. Ýagyn Serdar şäherine zyýan ýetirdi.

Azatlyk Radiosynyň regiondaky habarçylary läbik suwuň ençeme ýaşaýyş jaýlary, döwlet binalaryny basandygyny, öýlerini terk etmäge mejbur bolan ýüzlerçe maşgala häkimiýetler tarapyndan kömek edilmändigini habar berdiler.

Balkan welaýatynyň, hususan-da, Etrek etrabynda käbir ýaşaýyş punktlar daşky dünýäden üzňelikde galýar, onlarça oba elektrik energiýasyz kösenýär.

Balkanda sil zerarly gara ýollaryň ýumrulmagy ýol hadysalaryna sebäp boldy.

31-nji martda giçlik Balkan welaýatynda Aşgabat-Türkmenbaşy gara ýolunda bolan ýol hadysasynda dört adam wepat boldy we 10-a golaý adam ýaralandy.

1-nji aprelde ýol hadysasynyň bolan ýerine sapar eden Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň maglumatyna görä, ýol hadysasy Aşgabat-Türkmenbaşy ýolunyň Aşgabatdan baranda, 392-nji kilometri bilen 405-nji kilometri aralygyndaky gündogar böleginde ýüze çykypdyr. Sil suwlary asfalt ýoluň 13 kilometre golaýyny weýran edipdir.

Türkmenistanyň mediasy siliň netijeleri we ýol hadysasy barada habar bermediler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýar. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG