Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Suw üçin tölegden soň aýlyk berler'


illýustrasiýa suraty

Aşgabadyň edara-kärhanalarynyň käbiri öz işgärlerinden suw töleglerini öňünden almak üçin özboluşly bir usuly oýlap tapypdyr.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň habar bermegine görä, hususan-da, "Aşgabatagyzsuw" edarasynyň işgärlerine, olar suw üçin töleg pullaryny öňünden tölemeseler, mart aýynyň aýlyklaryny bermekden ýüz öwrüpdirler.

"Wodokanalyň işgärleri mart aýy üçin ne awans, ne-de aýlyk alyp bildi. Aprel aýynyň başynda bolsa, olardan awans almak üçin hasap bölümine 50 manat tabşyrmagy talap etdiler, bolmasa awansyň berilmejegini duýdurdylar. Bu ýylyň birinji çärýegi üçin suw tölegi. Tölegiň ulanylan möçberden artyk bolan ýagdaýynda ol soň gaýtadan hasaplanylar" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy, "Aşgabatagyzsuw" edarasynyň işgärlerine salgylanyp, 8-nji aprelde habar berdi.

Onuň sözlerine görä, işgärleriň ençemesinde pul bolmansoň, olar indi aljak aýlygyň hasabyna karz sorap, iş ýerinde talap edilen puly tölemeli bolupdyr.

Emma olara kwitansiýa berilmändir, wada berlen aýlyk hem hasaplaryna entek geçirilmändir.

"Olara kwitansiýa bermediler. Awans hem tölemediler. Adamlar garaşýarlar" diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň "Aşgabatagyzsuw" edarasynyň özünden maglumat almak synanyşygy häzirlikçe başa barmady.

Aprel aýynyň başynda “Aşgabatagyzsuw” edarasy paýtagtyň ýaşaýjylaryny suwy tygşytly ulanmaga we onuň töleglerini wagtynda geçirmäge çagyryş edipdi.

Türkmenistanda býujet işgärleriniň zähmet haklaryndan dürli maksatlar üçin pul saklamak tejribesi ýyllarboýy dowam etdirilýär. Edara-kärhanalaryň işgärleri köçe arassaçylygy, bag ekmek we idetmek, döwlet metbugatyna abuna bolmak, köpçülikleýin çärelere goşant goşmak üçin yzygiderli häsiýetde öz aýlyklaryndan töleg edip gelýärler.

Türkmen häkimiýetleri ýurtda 25 ýylyň dowamynda ilata belli bir derejede mugt berlen suw, gaz we elektrik togy tölegli edilensoň, ilatdan tölegleri almak boýunça dürli usullary ulanyp gelýärler.

Soňky ýyllarda býujet işgärlerinden öz öýlerinde harç edilen suwy, gazy hasaplaýjy gurallaryň oturdylandygyny subut etmek üçin resminamalar we gurallary surata düşürmek talap edilipdi. Ýaşaýjylaryň bergisi sebäpli, togy, suwy, gazy kesilipdi.

Türkmen hökümeti ilatyň durmuş derejesiniň barha ýokarlanýandygyny, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we sosial tölegleriň ýylda 10% göterilýändigini ýyllarboýy yglan edip gelýär. ​

Şol bir wagtda-da, ýurtda aýlyklar, pensiýalar wagtal-wagtal gijikdirilýär. Döwlet tarapyndan bank kartlaryna geçirilýän aýlyklary, pensiýa pullaryny nagtlaşdyrmakda ilat köpçüligi yzygiderli kynçylyk çekýär.

Türkmenistanda işsizligiň derejesi barada resmi statistika köpçülige mälim edilmeýär, garaşsyz çeşmeleriň maglumatlarynda işsizligiň 60% çemesidigi habar berilýär.

Üstesine, soňky bir ýyldan gowrak döwrüň dowamynda Türkmenistanyň ilaty durmuşyň çürt-kesik gymmatlamagy, azyk gytçylygy, şol sanda çörek we un ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolup gelýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG