Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanyň paýtagtynda we Ahalda täze agyz suwy desgalary gurlar


Aşgabat, doňan suw çüwdürimi

Türkmen paýtagtynda weAhal welaýatyndagoşmaça suw arassalaýyş desgalaryny gurmak planlaşdyrylýar.

Wise-premýer Dädebaý Amangeldiýew anna güni geçirilen hökümet maslahatynda Aşgabat şäherinde suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi diýip, TDH habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, häzirki döwürde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çägindesuw arassalaýjy kärhanalaryň we suw arassalaýjy desgalaryň birnäçesi hereket edýär.

Resmi maglumata görä,paýtagtyň ilatyny arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin Aşgabadyň Bagtyýarlyk, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraplarynyň çäklerinde suw arassalaýjy desgalary gurmak teklip edilýär.

Emma hasabatda sebitdäki suw arassalaýjy desgalaryň häzirki ýagdaýy, geljekde gurulmaly desgalaryň nähili özgerişlik döretjekdigi, bu işe goýberilýän serişdeler we täze desgalaryň haçan işe girizilmeginiň planlaşdyrylýandygy aýdylmaýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu habary diňläp, “Ilatly ýerleri arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamanyň” kabul edilendigini we hereket edýän suw howdanlaryny giňeltmek, täzelerini gurmak boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygynybelledi.

Emma muňa garamazdan, Azatlygyň habarçylary ýurduň dürli ýerlerinde, şol sanda Daşoguzda bina edilen suw arassalaýyş desgalarynyň gowy işlemeýändigini, ýurduň suw howdanlarynyň düýpli idege mätäçdigini habar berýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG