Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda her adama günde 10 ýumurtga satylýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Aşgabadyň söwda nokatlarynda we dükanlarynda towuk ýumurtgasy gaýtadan satylyp başlandy. Ýöne ýaşaýjylar ondan günde çäkli möçberde satyn alyp bilýärler diýip, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri aýdýar.

“Geçen penşenbe gününden başlap, biziň golaýymyzdaky dükanda, ýumurtgany gaýtadan satyp başladylar. Ondan her adam diňe 9 sany satyn alyp bilýär. Bu 4 manada durýar. ‘Kämil” dükanyna hem ýumurtga getirilipdir. Bu ýerde 1 ýumurtga 50 teňňeden satylýar. Nobat göze ilmeýär. Ýöne her adam başyna günde diňe 10 ýumurtgadan satýarlar” diýip, anonim şertde maglumat beren habarçy 9-njy aprelde gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, käbir müşderiler ara birnäçe sagat salyp, gaýtadan ýumurtga satyn almaga synanyşýarlar. Ýöne dükanyň kassasynda oturan işgärler olaryň has köp ýumurtga satyn almagyna rugsat bermeýärler.

Habarçy öň 1 kilogramy 8 manatdan satylan towuk budunyň 10 manada, tutuş towugyň 1 kilogramynyň 13 manada barabardygyny hem belledi.

“Üstesine-de, bu towuk etleriniň gutusyna suw guýup, olary doňdurýarlar. Soň ony çekdireniňde, ýanyna buz hem goýýarlar. Buz goýmaň diýseň, satyjy özleriniň transport, ýük ýükleýän üçin töleg töleýändiklerini, şeýle etmese, özlerine girdeji galmajakdygyny aýdýar. Şeýlelikde, towuk budunyň 1 kilogramy 10 manada däl-de, ortaça 12-13 manada düşýär” diýip, Azatlygyň paýtagtdaky beýleki bir habarçysy aýtdy.

Habarçy şeker tapmagyň kyndygyny belläp, paýtagtyň döwlete degişli dükanlarynyň tas ählisinde diýen ýaly ýaramlylyk möhleti geçen margariniň satylyp başlandygyna hem ünsi çekdi.

“Soňky ulanyş möhleti 1-nji aprelde tamamlanan margariniň 1 sanysy 2 manat 50 teňňeden satylýar. Öň ol 4 manada barabardy. Ony köplenç puluň gaýtargysyna boýnuňa dakýarlar. Şekeri bolsa satyn almak kyn. Ol döwlet dükanlarynyň diňe käbirinde satylýar” diýip, habarçy belledi.

Türkmenistanda un, çörek, şeker we ösümlik ýagy ýaly günübirin gerek bolýan ýa-da ulanylýan käbir azyk önümleriniň, şol sanda towuk ýumurtgasynyň gytçylygy indi 2017-nji ýylyň ahyryndan bäri wagtal-wagtal dowam edýär. Şondan bäri döwlet dükanlarynda we söwda nokatlarynda ýumurtga bir satylýar, bir-de ýitirim bolýar.

Şu aýyň başynda gytçylyk gaýtadan güýçlenip, döwlet dükanlarynda ýumurtga diňe irden we çäkli möçberde satyldy. Tiz wagtda satylyp gutarýan ýumurtgany almak üçin dükanlaryň öňünde adamlaryň uly nobatlary emele geldi. Şonda adatça 12 sanysy 4 manatdan satylan ýumurtganyň 11 sanysy 5 manatdan satylyp başlanypdy.

Hususy eýeçilikdäki dükanlarda ýumurtga has gymmat bahadan, 10 sanysy 7-8 manatdan satylýar.

Türkmen häkimiýetleri we resmi metbugat ýurtda ýumurtganyň we beýleki azyk önümleriniň gytçylygyny açyk agzaman gelýärler.

Ýöne bu gytçylygyň fonunda, Türkmenistan 2018-nji ýylyň dowamynda 80 milliona golaý ýumurtganyň eksport edilendigini yglan etdi. Türkmenistan mundan 3,8 million amerikan dollary möçberinde girdeji gazandy diýip, Trend habar agentligi türkmen metbugatyna salgylanyp, 6-njy martda habar berdi.

Şol bir wagtyň özünde, resmi metbugat Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Uzynsuw obasynda ýerleşýän guşçulyk toplumynda ýylda 8,8 million sany ýumurtga, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň “Watan” daýhan birleşigindäki döwrebap guşçulyk toplumynda ýylda 5 million ýumurtga we 500 tonna guş etiniň öndürilýändigini habar berýär.

2018-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy özüniň websaýtynda Lebap welaýatynda ýene bir guşçulyk toplumynyň işe girizilendigini mälim edip, onda ýylda 500 tonna ýokary hilli towuk etini we 2,5 million ýumurtga öndürmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG