Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azatlygyň derňewinden soň, häkimiýetler VPN-e garşy göreşi has-da güýçlendirýär


Türkmenistanda Internet kafede internet ulanýan ýaşlar. Illýustrasiýa. Arhiwden alnan surat.
Türkmenistanda Internet kafede internet ulanýan ýaşlar. Illýustrasiýa. Arhiwden alnan surat.

Türkmenistanda häkimiýetler soňky iki hepde bäri VPN ulgamlaryna garşy göreşi hem-de Azatlygyň saýtyny petikli saklamak boýunça görýän çärelerini has-da güýçlendirýär.

Azatlyk Radiosynyň Rohde & Schwartz nemes kompaniýasynyň türkmen howpsuzlyk edaralaryny raýatlary yzarlamaga degişli elektron enjamlary bilen üpjün edýän bolmak ähtimallygy barada çap eden habaryndan soň, Aşgabatdaky çeşmämiziň maglumatlaryna görä, soňky iki hepdä bäri häkimiýetler VPN ulgamlaryny we Azatlygyň saýtyny petiklemek işlerini güýçlendirdiler.

Azatlyk Radiosynyň ýagdaýlardan habarly çeşmesi, türkmen ýörite gulluklarynyň golaýda güýçlendiren petikleşýiş çäreleri bilen bagly nemes kompaniýasyndan ýardam alýandygyny ýa-da ondan maslahat soraýandygyny tassyklap bilmedi. Ýöne ol türkmen howpsuzlyk gulluklarynyň Rohde & Schwartz kompaniýasynyň enjamlaryndan we programmalaryndan peýdalanmaga dowam edýändigini öňe sürdi.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky we regionlardaky habarçylary soňky iki hepde bäri ýurtda VPN ulgamlarynyň aglabasynyň petiklenýändigini habar berýärler.

Ýatlasak, Azatlyk türkmen häkimiýetleri bilen Rohde & Schwartz kompaniýasynyň raýatlary yzarlamaga degişli enjamlar boýunça hyzmatdaşlyk edýän bolmak ähtimallygy barada derňew işini geçirip, 31-nji ýanwarda bu derňewiň netijelerini okyjylara we diňleýjilere ýetirdi.

Derňewden mälim bolşuna görä, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň birindäki çeşmesi, Rohde & Schwarz kompaniýasynyň Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi bilen gönüden-göni işleşmeýändigini habar berdi. Ýöne ol kompaniýanyň türkmen hökümetini üpjün eden enjamlary we ekspert maglumatlary bilen ýörite gulluklar raýatlaryň özara elektron aragatnaşygyny yzarlaýandygyny habar berdi.

Şeýle-de derňewiň netijelerine görä, raýatlary yzarlamak işlerini aragatnaşyk pudagynda iş alyp barýan iki ýerli hususy kompaniýa durmuşa geçirýär. Olaryň biriniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň howpsuzlyk gulluklarynyň öňki işgäri bolup, bu firmany gönüden-göni Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi dolandyrýar.

Bu maglumatyň yzýany Azatlyk Radiosy Rohde & Schwartzyň adamlary yzarlamaga mümkinçilik döredýän enjamlary barada Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa maglumatlary proýektiniň (OCCRP) kiberhowpsuzlyk boýunça hünärmeni Michal Rysiek Wozniak bilen gürrüňdeş boldy. Ol agzalýan nemes kompaniýasynyň Internet saýtynda hödürlenýän azyndan üç önümini Interneti aňtamakda hem-de VPN-i bökdemekde ulanyp bolýandygyny tassyklady.

Azatlygyň ýurt içindäki habarçylarynyň maglumatlaryna görä, täze ýyla geçip, Türkmenistanda häkimiýetler ulanyjylaryň VPN ulgamlaryndan peýdalanmagyna ymykly päsgelçilik döredip gelýär.

4-nji ýanwarda Azatlyk Radiosynyň paýtagtly habarçysy dekabr aýynyň dowamynda Internet hyzmatlarynyň hiliniň çürt-kesik peselendigini, köpsanly VPN-iň işlemeýändigini habar berdi.

Ýöne 17-nji ýanwardan başlap, häkimiýetler VPN ulgamlaryny doly baglap, ulanjylaryň Google Play tilsimine elýeterliligini çäklendirdi.

Şondan soňky bir hepdäniň dowamynda Türkmenistandan Internetde VPN gözleýänleriň sany 577 % artdy. Bu barada britan neşiri habar berdi.

Türkmenistanyň internet üpjünçiligini döwlete degişli “Türkmentelekom” kompaniýasy ýola goýýar. Bu kompaniýa Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň binýadynda ýerleşýär.

Türkmenistan internetiň hili boýunça iň pes, bahasy boýunça iň gymmat ýurtlaryň hatarynda galýar. Ýurtda internetiň ortaça tizligi 0.5 mb/sekuntdan pesdir. Onuň aýlyk tölegi 350 manada, dollaryň resmi kursundan 100 dollara barabardyr. Internet hyzmatlary boýunça amerikan guramasy bolan “Akamai Technologiesyň” maglumatlaryna görä, Türkmenistanda ilatyň 20 prosentinden hem az bölegine internet elýeterli.

Halkara guramalaryň ýyllyk hasabatynda Türkmenistan söz we metbugat azatlygyny sistematiki görnüşde kemsidýän ýurtlaryň hatarynda öňdäki orunlary eýeleýär.

XS
SM
MD
LG