Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan bilen HAF-yň 'sazlaşmaýan talaplary' Garagumda geçiriljek nobatdaky rallini ýatyrdy


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanda geçiriljekdigi aýdylan nobatdaky “Amul – Hazar” (Turkmen Desert Race) awtorallisi goýbolsun edildi. Bu barada “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri “Gündogar” saýtyna salgylanyp habar berýär.

Maglumatdan mälim bolşuna görä, awtoralliniň guramaçylary Halkara awtomobil federasiýasy (HAF) bilen Türkmenistanyň talaplarynyň utgaşyksyzlygy sebäpli türkmen çölünde geçiriljek nobatdaky awtoýaryşlary ýatyrdylar.

Geçen ýylyň ortalarynda Türkmenistanyň döwlet metbugaty 2019-njy ýylda ýurtda ýene-de bir awtoralliniň geçiriljekdigini habar beripdi.

“2019-njy ýylda geçiriljek ýene bir awtoralli täsin Garagum sähralyklaryna gaýdyp gelmek üçin ýakymly mümkinçilik bolar” diýip, TDH 2018-nji ýylyň sentýabrynda “Amul – Hazar 2018-iň” tamamlanmagyna bagyşlap çap eden habarynda ýazdy.

Munuň bilen bir hatarda, Halkara awtomobil federasiýasynyň resmi websaýtyndaky maglumatlara görä, 2019-njy ýylyň 1-nji fewralynda “Turkmen Desert Race” (“Amul – Hazar”) awtoraillisi bilen bagly bir çäre geçirmek meýilleşdirilen ekeni.

2019-njy ýylyň 13-nji martynda “Turkmen Desert Race: Beýik ýüpek ýoly” awtorallisiniň guramaçylary özleriniň resmi websaýtlarynda hem-de Facebook sahypalarynda “Amul – Hazaryň” Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilen nobatdaky tapgyrynyň goýbolsun edilendigini mälim etdi.

“Halkara awtomobil federasiýasy bilen Türkmenistanyň talaplarynyň utgaşyksyzlygy sebäpli Türkmen sährasyndaky ralliniň ikinji tapgyrynyň goýbolsun edilýändigini gynanç bilen mälim edýäris” diýip, bildirişde aýdylýar.

Ýöne utgaşmadyk talaplaryň detallary barada maglumat berilmeýär.

Gündogar” saýtynyň maglumatyna görä, awtoralliniň nobatdaky sanyny Türkmenistanda 2019-njy ýylyň 5 – 11-nji maýy aralygynda geçirmek meýilleşdirilipdir.

Ýöne Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2018-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda “Amul – Hazar” awtorallisine gatnaşan türkmen türgenlerine baýrak gowşurmak dabarasynda sözlän sözünde şeýle çykyş etdi:

Biziň türgenlerimiz awtoralli ýaryşynyň iň bir ýokary sylaglaryna mynasyp bolan üç toparyň hataryna girmegi başardy. Şoňa görä-de, indiki awtoralli ýaryşlary haýsy ýurtlarda geçirilse-de ýurdumyzyň ýygyndy topary Türkmenistanyň baýdagy astynda şol ýaryşlara gatnaşmaga doly hukuk gazanandygyny ynam bilen aýdyp bileris” diýip, prezident Berdimuhamedow döwlet telewideniýesinde görkezilen çykyşynda aýtdy.

Beýleki tarapdan, TDH geçen ýylyň 18-nji sentýabrynda çap eden habarynda nobatdaky halkara awtoralliniň 2019-nji ýylyň 5 – 12-nji maý aralaygynda geçiriljekdigini aýdyp, bu ýaryşyň diňe ýollarynyň Türkmenistanyň çäklerinden geçýändigini mälim etmek bilen çäklendi.

Geçen ýylyň 15-nji sentýabrynda “Amul – Hazar 2018-e” bagyşlanyp Türkmenistanyň “Awaza” syýahatçylyk zolagynda geçirilen dabarada eden çykyşynda “Africa Eco Race” ralli ýaryşynyň baş direktory Žan-Lui Şlesser çykyş etdi we sözüniň ahyrynda Türkmenistanda geçiriljek täze çärelerde, rallilerde görüşmegi arzuw edipdi.

2018-nji ýylyň 9 – 15-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň çäginde “Amul – Hazar 2018” atly halkara awtoralli geçirildi. Onuň çäginde 20 töweregi ýurduň awtoralliçleri Türkmenistanda uzynlygy 1 müň 571 kilometrlik ralli ýolunda ýaryşdy.

Ýaryşyň guramaçylarynyň sosial mediada çap eden wideolaryna görä, ralliniň çägine girýän ýollaryň ugrundaky düşelgelerde ýaryşa gatnaşyjylara söwüş edildi; olaryň hormatyna aýdym-sazly, tansly çykyşlar goýuldy, türkmen medeniýetine mahsus eserleriň janly sergisi görkezildi; şolaryň hatarynda milli eşikde dutar çalýan erkekler, şeýle-de ýüň kakýan, keçe basýan aýallar görkezildi. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow awtomobil ýaryşyna gatnaşýanlary muzdsuz ýangyç bilen üpjün etmek barada karar çykardy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG