Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we täjik prezidenti Emomali Rahmon öz ýurtlarynyň howpsuzlyk hyzmatdaşlyklaryny dowam etdirmegi wada berdiler.
Moskwada 17-nji aprelde geçirilen gepleşiklerden soň, Kreml beýanat çap edip, iki lideriň “terrorizme, ekstremizme, neşe gaçakçylygyna we bikanun ýarag söwdasyna garşy bilelikdäki göreş tagallalaryny” dowam etdirmek ylalaşygyna gelendigini habar berdi.
Rahmon rus paýtagtyna iki günlük resmi sapara geldi. Ol Putin bilen bir topar dokumente, şol sanda Täjigistandan Orsýete iberilýän oba hojalyk önümlerini köpeltmek ylalaşygyna gol çekmelidi.
17-nji aprelde Putin bilen gepleşiklerden öň, Rahmon Moskwadaky täjik jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşyp, zähmet migrasiýasynyň düzgünleşdirilmeginiň we Orsýetdäki täjik raýatlarynyň bähbitleriniň we hukuklarynyň goralmagynyyň rus ýolbaşçylary bilen geçirjek gepleşiklerinde baş mesele boljakdygyny aýtdy.
Täjigistanyň Daşary işler ministrligi, öz gezeginde, migrasiýa pudagyndaky hyzmatdaşlyk şertnamalaryna hem gol çekiljekdigini habar berdi.