Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Serb prezidentiniň tarapdarlary Belgradda ýöriş geçirmegi planlaşdyrýar


Serbiýanyň prezidenti Aleksandar Wuçiç
Serbiýanyň prezidenti Aleksandar Wuçiç

Serbiýanyň prezidenti Aleksandar Wuçiç özüniň hökümetini agdarmak maksady bilen, birnäçe hepde bäri geçirilýän protestlere garşylyk görkezmäge synanyşýan mahaly, onuň tarapdarlary serb paýtagty Belgradda ýöriş geçirmegi planlaşdyrýarlar.

19-njy apreldäki ýöriş, oppozision protestçiler Belgradda jemlenenden bir hepde golaý wagt soňa gabat geldi. Protestleri gurnaýjylar bu wakany soňky aýlarda oppozisiýanyň Wuçiçe garşy geçiren iň uly protest çäresi diýip atlandyrypdylar.

Belgradda hem-de beýleki ýerlerde geçiriljek ýörişlere näçe demonstrantyň gatnaşjakdygy häzirlikçe nämälim bolup galýar.

Serbler dekabrdan bäri her hepde Belgradyň we beýleki şäherleriň köçelerine çykyp, öz sözleri bilen aýdylanda, Wuçiçiň awtokrat dolandyryşyna, ýurtda media çäklendirmeleriniň artmagyna we beýleki problemalara garşy protest bildirýärler.

Demonstrasiýalar dekabrda, çepçi oppozision lider Borko Stefanowiç ýüzi perdeli hüjümçiler tarapyndan gazaply ýenjilenden soň başlandy.

XS
SM
MD
LG