Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wäşi Zelenskiý Ukrainanyň prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazandy


Wolodimir Zelenskiý, Kiýew. 21-nji aprel, 2019
Wolodimir Zelenskiý, Kiýew. 21-nji aprel, 2019

Telewizion waşi Wolodimir Zelenskiý syýasatda täze adam bolsa-da şenbe günki prezidentlik saýlawlarynda häkimiýet başyndaky Petro Poroşenkodan üstün çykana meňzeýär. Saýlawlar ýurduň ykdysady kynçylyk çekýän we Krym ýarym adasynyň üstünde Orsýet bilen urşy başdan geçirýän döwrüne gabat geldi.

21-nji aprelde geçirilen saýlawlaryň ikinji tapgyrynda berlen sesleriň 73.2 prosentiniň hasaplanmagynda Zelenskiý 73.1% ses toplady, 53 ýaşly milliarder Poroşenko diňe 24.6 % sese eve boldy. Bu sanlar deslapky çaklamalara deň geldi.

Zelenskiý prezidentlige dalaş edende özüni "sistemany dargatmak üçin gelen ýönekeý adam" diýip atlandyrdy we Ukrainada orsýetçi separatistler bilen bäş ýyllyk uruşyň fonunda syýasatyň korrupsiýa we garyndaşparazlyga batandygyny belledi.

Poroşenko deslapky sanlaryň mälim bolmagynyň yzýany eden çykyşynda özüni Orsýetiň agressiýasyny gowşatmaga ukyply syýasatçy diýip atlandyrdy.

"Men meniň ýeňşimi ýaňyja gutlan Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenka örän minnetdar" diýip Zelenskiý 21-nji aprelde saýlaw nokatlaryň ýapylan badyna eden çykyşynda aýtdy.

Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Donald Tusk Zelenskini garaşylan ýeňişi bilen gutlady. Gutlaglar Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron we Britaniýanyň daşary işler ministri Jeremi Hunt tarapyndan hem edildi.

Ýerli neşirler ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Zelenskini gutlamak üçin onuň bilen telefonda gepleşendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG