Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda ses berýär, Poroşenko berk synag bilen ýüzbe-ýüz boldy


Kiýew. Ses berýän aýal. 21-nji aprel, 2019.

Ukrainaly saýlawçylar 21-nji aprlede prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda, iş başyndaky prezident Petro Poroşenkonyň syýasy ykbalyna möhür basyp biljek ses berişlikde ses berýärler.

Pikir soramalary Poroşenkonyň garşydaşynyň, 41 ýaşly komediýaçy Wolodimir Zelenskiniň, kampaniýa mahalynda has öňe saýlanandygy belli etdi.

“Reiting” barlag toparynyň 18-nji aprelde çap eden netijeleri saýlawçylaryň 57.9 prosentiniň öz seslerini şübhesiz Zelenskini goldamaga berjekdigini aýdandygyny, 21.7 prosentiniň Poroşenko üçin ses bermegi planlaşdyrýandygyny aýdandygyny görkezdi.

Öz saýlaw kampaniýalaryny esasan sosial mediada ýaýbaňlandyran Zelenskiý köplenç düýpli syýasy çekişmelerden gaça durup, Ukrainanyň ykdysady çökgünligini, giň ýaýran korrupsiýany,Kiýewiň gündogar Ukrainada Orsýet tarapyndan goldanylýan separatist guramalaryna garşy alyp barýan bäş ýyllyk urşundan ýadawlygy öz peýdasyna ulanmaga çalyşdy.

"Men syýasatçy däl” diýip, Zelenskiý 19-njy aprelde, Kiýewiň Olimpiýa stadionynda iki kandidatyň arasynda guralan syýasy çekişme gyzanda aýtdy. “Men bir ýönekeýadaty adam we bu sistemany döwmäge geldim” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

53 ýaşyndaky Poroşenko hem kem oturmady we öz gezeginde Zelenskiniň tejribesizligini dil çolagy edinip, onuň rus prezidenti Wladimir Putiniň garşysynda durup bilmejekdigini öňe sürdi.

"Sen Putiniň zarbalaryna tap getirip bilmän, ejiz döwlet baştutany bolarsyň” diýip, Poroşenko 19-njy apreldäki çekişmede öz bäsdesine ýüzlenip aýtdy. Men [Zelenskiý] Ukrainany tabyn etmek, Ukrainany gaýtadan rus imperiýasynyň içine sokmak pikirini edýändir öýtmeýärin, emme bu pikiri Putin edýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Zelenskiý saýlawlaryň 31-nji martda geçirilen birinji tapgyrynda 30 prosente çenli ses alyp, ýeňiş gazandy. Poroşenko bolsa 16 prosent ses bilen, prezident saýlawlarynda ikinji boldy.

Zelenskiý Ukrainanyň ahyr netijede NATO-nyň agzasy bolmagyna goldaw bildirýändigini, emma munuň diňe referendum arkaly tassyklanan halatynda şeýle bolmalydygyny aýtdy. Ol Orsýetiň Moskwa tarapyndan 2014-nji ýylda anneksiýa edilen ýerleri, Gara deňiz sebitindäki Krymy yzyna gaýtaryp bermelidigini we bejeriş işleri üçin tölemelidigini aýtdy.

Ol Orsýeti gündogar Ukrainadaky konflikt babatda göni gepleşiklere çagyrdy. Moskwa ozal bu hili teklipleri ret etdi we 13 müňden gowrak adamyň başyna ýeten konfliktiň Ukrainanyň içerki meselesi bolup durýandygyny öňe sürdi. Şeýle-de Kreml Kiýewi Moskwa tarapyndan goldanylýan separatist guramalarynyň wekilleri bilen gepleşmäge çagyrdy.

Halkara Jenaýat sudy (ICC) 2016-njy ýylyň noýabrynda gündogar Ukrainadaky uruş “Ukraina bilen Orsýet Federasiýasynyň arasyndaky halkara ýaragly konflikt” diýen karara geldi.

Poroşenko 18-nji aprelde Kiýewde geçirilen kampaniýa ýygnanyşygynda ýurda häzirki pursatda “prezidentiň we baş harby serkerdäniň wezipeleri babatda synag geçirmegiň örän töwekgellik boljakdygyny” duýdurdy. Ol saýlawçylardan özüne ikinji bäş ýyl möhlet üçin hem goldaw bermeklerini sorady.

"Men sizden ýene bir gezek meni bagyşlamagy soraýaryn. Başa barmadyk işler meni sizden-de beter horlaýar” diýip, Poroşenko aýtdy.

Poroşenkonyň goldawçylary onuň orsýetçi prezident, 2014-nji ýylda ýurtda turan halk protestleriniň arasynda Moskwa gaçan Wiktor Ýanukowiç döwründe egbar düşen milli goşuny gaýtadan kuwwatlandyrandygyny aýdýarlar.

Şeýle-de ol Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdi. Ukrainalylaryň ÝB ýurtlaryna wizasyz gatnawyna ýol açdy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG