Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabatlylar suw töleglerini telefon, internet ýa-da töleg terminallary arkaly geçirip bilerler


Aşgabadyň ýaşaýyş jaýlarynda oturdylýan suw hasaplaýjy gural. Arhiwden alnan surat

Aşgabat şäherinde agyz suwuny sarp edijiler bilen hasaplaşyklary we hyzmatlary sanly ulgama geçirmek planlaşdyrylýar. Paýtagtyň ýaşaýjylary tölegleri öýjükli telefonlar, internet ýa-da töleg terminallary arkaly geçirip bilerler.

Bu barada hökümetiň gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Çarymyrat Purçekow 19-njy aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde habar berdi.

Wise-premýer prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa beren hasabatynda Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tapgyrlaýyn durmuşa geçirmek barada belläp geçip, “Aşgabatagyzsuw” birleşiginiň ýanynda hasaplaşyk merkeziniň döredilendigini aýtdy.

“Bu ýerde suwy ulanýanlar hakynda maglumatlar, şol sanda salgylar, suwuň sarp edilen görkezijileri, tölegler elektron görnüşde ýerleşdirildi. Paýtagtymyzyň ýaşaýjylary tölegleri öýjükli telefonlar, internet ýa-da töleg terminallary arkaly geçirip bilerler” diýip, Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH) Purçekowyň sözlerini getirdi.

Resmi metbugat “milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen has-da ösdürmek, elektron senagatyny pugtalandyrmak maksady bilen, ýurtda Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan bu Konsepsiýasynyň 2025-nji ýyla çenli amala aşyryljakdygyna” hem ünsi çekýär.

Anna günki hökümet maslahatynda Berdimuhamedow türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, paýtagtda we welaýatlarda suwdan peýdalanmagyň netijeliligini artdyrmak, şol sanda agyz suwuny öndürýän kärhanalaryň durkuny täzelemegiň we döwrebaplaşdyrmagyň, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna artdyrmak meselelerini üns merkezinde saklamagy belledi.

Geçen ýylyň sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynda suw, elektrik energiýasy we tebigy gaz ýaly ilata çärýek asyrlap mugt berlen ýeňillikler ýatyrylyp, 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap tölegli edildi.

Şondan soň türkmen häkimiýetleri ilatyň elektrik energiýasy, suw we gaz üpjünçiligini gözegçilikde saklamak boýunça görýän çärelerini güýçlendirdiler. Degişli döwlet edaralarynyň işgärleri hojalyklara, ýaşaýyş jaýlaryna aýlanyp, hasaplaýjylary talap edip başlady.

Şu aýyň başynda “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen maglumatda “Aşgabatagyzsuw” birleşigi paýtagtyň ýaşaýjylaryny suwy tygşytly ulanmaga we onuň töleglerini öz wagtynda geçirmäge çagyrypdy. Şeýle-de, birleşik paýtagtyň ýaşaýjylaryndan suw we kanalizasiýa üçin ölçeýjileri oturtmagy hem sorapdy.

“Balkan” gazetiniň 28-nji fewralda çap edilen sanynda bolsa, Türkmenistanyň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň sarp edilen gaz, suw we elektrik togy üçin tölegleri bankyň merkezi edarasynda we şahamçalarynda nagt hem-de nagt däl görnüşinde kabul edýändigi habar berildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG