Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Güýçli ýagyş paýtagtyň ençeme köçesinde jaýryklary emele getirdi; garaşsyz neşir Mara sil gelmek howpunyň abanýandygyny aýdýar


Aşgabat ýagyşdan soň. 19-njy aprel, 2019 ý.

Aşgabatda anna güni ýagan güýçli ýagşyň netijesinde paýtagtyň ençeme köçesine zeper ýetip, şäheriň merkezi köçelerinde jaýryklar we oýuklar emele geldi.

Munuň bilen bir wagtda, garaşsyz neşir ýurduň günortasynda dowam edýän çabgaly ýagyşlaryň Mary welaýatynyň oba-şäherlerine sil gelmek howpuny abandyrýandygyny aýdýar.

“Aşgabatda lomaý harytlaryň satylýan bazaryna gideniňde, ýoluň ugrunda ýagyş suwlarynyň uly göwrüminiň üýşüp, suwuň ýerasty tunellere gidendigini görüp bolýar. Ýanýodalarda we goşmaça köçelerde asfaltyň oýulandygy görünýär. Bu käbir simleriň petiklenmegine hem howp abandyrýar. Bu ýerde elektrik geçiriji, kabel, telefon, telewideniýe we internet liniýalary ýerleşýär” diýip, habarçy aýtdy.

Ol şeýle ýagdaýlary paýtagtyň Oguzhan, “10 ýyl abadançylyk” köçelerinde we Atatürk köçesi bilen Arçabil şaýolundan "Berkarar" söwda merkezine çenli aralykdaky, şeýle-de lomaý bazaryň töweregindäki köçelerde synlasa bolýandygyny hem sözüniň üstüne goşdy.

“Jaýrylan köçelerde suwuň ýerasty geçirilen simleriň ýerleşýän ýerine geçendigini hem görse bolýar. Bu ýerdäki ýanýodalarda elektrik we aragatnaşyk ýaly simler ýerasty geçirilendir. Mundanam başga, paýtagtyň 1-nji, 2-nji we 6-njy mikroraýonlarynyň ýerzeminleri suwdan doldy. Ýöne muňa diňe ýagyş suwlary däl, eýse ýerasty suwlarynyň ýokary galmagy hem sebäp boldy” diýip, habarçy belledi.

Aşgabatda anna güni ýagan ýagyşdan soň, paýtagtyň Parahat-7 etrapçasynakommunal hojalyk gullugynyň işgärleriniň we ýörite tehnikanyň eltilendigini, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky beýleki bir habarçysy habar beripdi.

Aşgabatlylar tebigy hadysanyň netijeleri bilen ýekme-ýek galdylar
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:16 0:00

“Häkimiýetler sebitdäki ýygnanan suwlary aýryp, böwetleri dikip, mümkin suw joşmasynyň öňüni almaga synanyşýarlar. Etrapça polisiýanyň işgärleri gözegçilik edýär” diýip, habarçy 19-njy aprelde gürrüň beripdi.

Güýçli ýagan ýagşyň Ahal welaýatynyň Kaka etrabyna hem täsir ýetirendigi, öri meýdana çykan käbir çopanlaryň mal-garasy bilen bilelikde ýitendigi barada habar berilýär.

“Gäwers etraby bilen Änew etrabynyň çäklerinde demirýoluň iki tarapynda hem uly jaýryklar emele gelipdir. Gum gerişlerindäki peýzaž düýbünden üýtgäpdir. Galla meýdanlaryna zeper ýetmese-de, gowaça ekilen ýerlere zeper ýetdi” diýip, Azatlygyň beýleki bir habarçysy 22-nji aprelde gürrüň berdi.

Bu aralykda, Türkmenistanyň günortasynda dowam edýän çabgaly ýagyşlaryň Mary welaýatynyň oba-şäherlerine sil gelmek wehimini salýandygy habar berilýär. Adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň işgärleri sebitdäki suw howdanlarynyň dolup-daşmak ähtimallygyny duýdurýarlar.

“Hronika Türkmenistan” neşiriniň 22-nji aprelde çap eden habaryna görä, hususan-da, Mary welaýatyndaky Orta Hindiguş we Aşaky Hindiguş suw howdanlarynyň erňeklerini berkitmek, bent gurmak işleri gije-gündiz alnyp barylýar. Iki suw howdany hem Mary şäheriniň derejesinden 1,50 metr çemesi belentlikde ýerleşýär.

Garaşsyz neşir iň uly howp-hataryň Saryýazy suw howdanyna abanýandygyny, bu suw howdanynyň suwunyň möçberiniň 260 million kub metre barabardygyny we häzir onuň dolup-daşmagyň bäri ýanynda durandygyny aýdýar.

“Tagtabazar etrabynyň Saryýazy we Ymambaba obalarynyň ýaşaýjylaryna wagtlaýyn beýik ýerlere, baýyr-depeleriň üstüne göçmek maslahat berildi. Maşgalalaryň köpüsi baýyr-depeleriň üstünde türkmen öýüni, çadyr ýa-da wagtlaýyn çatma dikindi. Suw bendi böwsen ýagdaýynda, Ýolöten, Murgap etraplaryna, Mary şäherine suw astynda galmak howpy abanýar” diýip, neşir aýdýar.

Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlary Türkmenistandaky habarçylaryna tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek häzirlikçe başartmady.

Mundan öň, ýagny 13-nji aprelde Aşgabada güýçli sil gelipdi. Şonda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary paýtagtda dowamly ýagan ýagyşlaryň netijesinde dörän sil suwlarynyň köçeleri basandygyny, jaýlara we ýerzeminlere zyýan ýetirendigini habar berdi.

Ondan ozal, martyň ikinji ongünlüginde Balkan welaýatynyň Bereket we Serdar şäherlerine gelen sil regionda ençeme obalara zyýan ýetirdi.

Martyň aýagynda Mary welaýatynyň Tagtabazar şäherine gelen silde ýüzlerçe ýaşaýyş jaýyna zeper ýetdi.

Resmi metbugat siliň gelmegi, çabgaly ýagyşlar we onuň netijeleri barada hiç hili maglumat bermän gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG