Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Murgap derýasynyň töwereginde ýagýan güýçli ýagyşlar Mara sil gelmek howpuny abandyrýar


Murgap derýasynyň ýokary böleginde, şol sanda türkmen böleginde güýçli ýagyşlar ýagýar. Bu territoriýa sil gelmek howpuny abandyrýar diýip, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň biri habar berýär.

“Ýagýan ýagyşlar derýanyň suwunyň derejesini ýokarlandyrýar. Bu bolsa Sandykgaça, Ýolötene, Tagtabazara sil gelmek howpuny abandyrýar. Saryýazy suw howdany dolup-daşsa, onda onuň suw joşgunlary Garagum kanalyna çenli ýetip biler” diýip, habarçy 23-nji aprelde gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, bu sebitde başga-da birnäçe suw howdany bar. Ýöne olaryň göwrümi kiçi bolup, bularyň suwy eýýäm dolup-daşmagyň bäri ýanynda dur.

Türkmenistanyň Mary welaýatynyň oba-şäherlerine sil gelmek howpunyň abanýandygy barada “Hronika Türkmenistan” neşri hem 22-nji aprelde habar beripdi.

Neşir ýurduň günortasynda dowam edýän çabgaly ýagyşlaryň Mary welaýatynyň oba-şäherlerine sil gelmek wehimini salýandygyny we adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň işgärleriniň sebitdäki suw howdanlarynyň dolup-daşmak ähtimallygyny duýdurýandygyny aýtdy.

Türkmenistanda indi mart aýynyň ortalaryndan bäri Balkan, Mary we Ahal welaýatlarynda, şeýle-de Aşgabat şäherinde çabgaly ýagyşlar wagtal-wagtal dowam edýär.

Munuň netijesinde agzalýan welaýatlaryň ençeme obadyr etrabyna we Aşgabat şäherine sil suwlary gelip, köçelere, ýaşaýyş jaýlaryna we ýerzeminlere zyýan ýetirdi.

Aşgabatlylar tebigy hadysanyň netijeleri bilen ýekme-ýek galdylar
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:16 0:00

20-nji martda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “sil gelmegi bilen baglanyşykly öňüni alyş çärelerini öz wagtynda guramak boýunça zerur işleri geçirmändigi üçin” diýip, ýurduň goranmak ministrine duýduryş yglan eden bolsa-da, türkmen häkimiýetleri we resmi metbugat siliň ýurduň nirelerine gelendigi we näderejede zyýan ýetirendigi barada dymyşlygyny dowam etdirýärler.

Beýleki tarapdan, türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan orient.tm saýty Aşgabada sil suwlarynyň gelmegi we onuň netijeleri, şol sanda Parahat etrapçasynda jaýyň çökendigi barada garaşsyz neşirde çykan habarlary ýaňsa alyp, ýörite makala we wideo ýazgy çap etdi.

Mundan ozal, 17-nji aprelde “Hronika Türkmenistan” neşri çabgaly ýagyş suwlaryndan soňra paýtagtyň Parahat 7/4 etrapçasyndaky 9 gatly ýaşaýyş jaýynyň çökendigini aýdyp, habar çap edipdi.

“Adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň işgärleri jaýy gözden geçirdiler we onda galmagyň howpsuz däldigini duýdurdylar. Emma häkimiýetler ýaşaýjylara başga, wagtlaýyn jaý bermekden ýüz öwürdiler” diýip, neşriň maglumatynda bellenilýär.

Bu baradaky maglumatlary Azatlyk Radiosynyň öz ýurt içindäki çeşmelerine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi.

21-nji aprelde orient.tm saýty paýtagta sil suwlarynyň gelendigi we onuň netijeleri baradaky habarlary ýaňsa alyp çap eden wideo habarynda öz habarçysynyň Parahat 7/4 etrapçasyndaky ýaşaýyş jaýlaryň töweregine barandygyny görkezýär.

Bellemeli ýeri, wideoda saýtyň habarçysynyň baran sebitindäki köçeleriň durşuna boş, gum-guklukdygyny we onuň bu ýerde diňe iki zenan ýaşaýja duş gelendigini we olar bilen söhbetdeş bolandygyny görse bolýar.

Habarçy zenanlaryň birinjisinden olaryň jaýlaryny suw basandygy barada habarlaryň bardygyny aýdyp, ondan munuň dogry bolup-bolmandygyny soraýar. Ýaşaýjy zenan “güýçliräk ýagşyň ýagandygyny, ýöne üýtgeşik zadyň bolmandygyny we özlerine hiç hili zeper ýetmändigini” öňe sürýär.

Saýtyň habarçysy ikinji zenana “Siziň jaýyňyzyň çökendigi aýdylýar” diýip, mikrofony oňa tarap uzadanda, ýaşaýjy: “Ýok, olar ýaly zat bolmady, ýöne güýçliräk ýagyş ýagdy” diýip, hemme zadyň “gül ýalydygyny”, bu sebitde gurlan jaýlaryň hem “gül ýalydygyny” aýdyp, çykýan habarlaryň “boş gürrüňler” bolmagynyň mümkindigini öňe sürdi.

Makalanyň soňunda orient.tm saýty “Nuh pygamberiň halas ediji gämisiniň gurluşygynyň yza tesdirilýändigini” ýaňsylaýjy görnüşde belläp geçýär.

Mundan öň, orient.tm saýty Aşgabatda çabga görnüşinde dowamly ýagan ýagşyň ýerli ýaşaýjylaryň durmuşyna ýetiren oňaýsyz täsirini agzamazdan, onuň ynsan durmuşyna ýetirýän ýakymly täsiri barada maglumat çap etdi.

“Eger-de siz ýagşyň astynda ýöremegiň ähli peýdalaryny heniz hem bilmeýän bolsaňyz, ynha size olaryň gysga sanawy; ýagşyň ysynyň adamlarda rahatlandyryjy täsir galdyrýandygy subut edildi; ýagyşly howada daşarda işjeň wagt sarp edilende has köp kaloriýa ýakylýar; çyglylyk derini sagdyn, arassa we ter saklaýar” diýip, neşriň žurnalisti aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG