Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşary ýurt diplomlary barada türkmen metbugaty ahyrsoňy dil açýar, Bilim ministrligi täze düzgüni düşündirýär


Illýustrasiýa suraty. Aşgabatda bir ýokary okuw jaýy
Illýustrasiýa suraty. Aşgabatda bir ýokary okuw jaýy

Daşary ýurt Ýokary okuw jaýlaryndan (ÝOJ) berlen diplomlaryň Türkmenistanda ykrar edilmegine girizilen täze üýtgeşmeler barada Azatlyk Radiosynyň soňky birnäçe gün bäri yzly-yzyna beren habarlaryndan soň, 24-nji aprelde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bu baradaky maglumaty türkmen metbugatynda çap edildi. Maglumat türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan turkmenportal.com habar saýtynyň üsti bilen ýaýradyldy.

Soňky 10 güne golaý wagt bäri Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary Türkmenistanda daşary ýurt diplomlarynyň ykrar edilmegi bilen bagly girizilen täze düzgünler we çäklendirmeler barada habar berip gelýärdi, ýöne ýurduň resmi habar serişdeleri bu barada dymyp gelýärdi.

Ilkibaşda, apreliň ortalarynda Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary Türkmenistanda diplomy täze düzgüne görä kabul ediljek daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynyň sanawyny ugratdy. Onda Hytaýyň, Hindistanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Gürjüstanyň, we Ukrainanyň käbir uniwersitetleriniň hem-de Belarusyň döwlet uniwersitetiniň atlary bardy.

Şondan bir hepde soň, türkmen hökümetiniň bilim pudagynda alyp barýan işlerini ýakyndan yzarlaýan bir resmi, mediada çykyş etmäge ygtyýarsyz bolansoň, anonim ýagdaýda 22-nji aprelde Belarusyň Bilim ministrliginiň resmi hatyna esaslanyp, Türkmenistanda diplomy ykrar edilmejek 146 hünär ugrunyň sanawyny ugratdy.

Bu habarlar okyjylarda we diňleýjilerde, hususan-da daşary ýurtlarda bilim alýan ýaşlarda we olaryň ene-atalarynda dowul döretdi, olar sosial mediada we Azatlygyň saýtynda dürli teswirler bilen çykýan habarlara reaksiýa görkezdi.

Ynha, bu maglumatlaryň yzýany, 24-nji aprelde Türkmenistanyň Bilim ministrligi daşary ýurt diplomlarynyň Türkmenistanda ykrar edilmegi barada kabul edilen täze düzgüni metbugatda çap etdi.

Bu maglumat dörän ýagdaý boýunça köp soraglaryň jogaplaryny kanagatlandyrýar.

Eýsem haýsy döwletlerden berlen ýokary bilim hakyndaky şahadatnamalar Türkmenistanda kabul ediler? Haýsy hünär ugurlary boýunça daşary ýurtlardan alnan diplomlaryň barabarlygy Türkmenistanda ykrar ediler?

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň daşary ýurt diplomlaryny ykrar etmek barada çap eden Düzgünnamasy Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibini tassyklamak hakynda” 2019-njy ýylyň 16-njy martynda çykaran Kararyna esaslanýar.

Daşary ýurt diplomlaryny ykrar etmek barada Bilim ministrliginiň ýaýradan täze Düzgünnamasyna laýyklykda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlarda ýerleşýän döwlete degişli ýokary okuw jaýlaryndan, şeýle-de öz ýerleşýän ýurdunda resmi ygtyýarlygy bolan beýleki ýurtlaryň ýokary okuw jaýlaryndan berlen diplomlar ykrar ediler. Ýöne munuň bir şerti – diplomy ykrar edilýän uniwersitetler dünýäde öňdeligi düzýän ýokary okuw jaýlarynyň sanawyna giren bolmaly hem-de hünär ugurlary Türkmenistanyň Döwlet klassifikatorlarynda görkezilen hünär ugurlary bolmaly, beýleki şerti – okuwlar gündizki görnüşde okalan bolmaly, ýene bir şerti – GDA agza ýurtlarda okalan okuwlaryň möhleti şol ugurlar üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenen okuw möhletine deň bolmaly, beýleki ýurtlardan alnan bilimiň möhleti UNESCO-nyň tassyklan möhletine laýyk gelmeli. Täze düzgüniň başga-da birnäçe jikme-jik detallary bar. Onuň bilen şu çelgiden tanyşmak mümkin.

Türkmenistanda diplomy kabul ediljek dünýädäki öňdeligi düzýän uniwersitetleriň sanawy haýsy halkara guramanyň ýa-da neşiriň sanawyna esaslanýar? 22-nji aprelde Azatlyk Radiosy bu soraga ünsi çekipdi.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýaýradan täze maglumaty bu soraga-da jogap berýär. Öňdeligi düzýän uniwersitetleriň sanawy “Academic Ranking of World Universities”, “QS World University Rankings” we “The Times Higher Education World University Rankings” resmi internet sahypalaryna laýyklykda kesgitlenýär hem-de täzelenip durulýar.

Türkmenistanda Döwlet klassifikatorlaryndaky hünär ugurlaryny kim kesgitleýär? Türkmenistanda 2013-nji ýylyň maý aýynda kabul edilen Bilim hakyndaky kanuna görä, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti ýurda zerur hünär ugurlaryň sanawyny kesgitleýär.

Daşary ýurt diplomlary baradaky täze düzgün 2019-njy ýylyň 16-njy martyndan soň okuwa giren studentlere degişlidir.

Daşary ýurt diplomyny tassyklatmak üçin zerur dokumentleriň hatarynda Arza, GDA ýurtlaryndan alnan diplomyň terjimesi, beýleki ýurtlardan alnan diplomyň kanunylaşdyrylan göçürmesiniň terjimesi, transkript, uniwersitetiň akreditasiýa edilendigi barada güwähat hem-de onuň arhiw kepilnamasy bar. Türkmenistanda daşary ýurt diplomlaryny ykrar etdirmek üçin döwlet synagyndan hem geçmeli.

Sözümizi jemläp aýtsak, daşary ýurt diplomlary barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň köpçülige ýetiren täze Düzgünnamasy Azatlyk Radiosynyň täze düzgün barada 16-njy, 20-nji we 22-nji aprel günlerinde çap eden habarlaryny tassyklaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG