Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow il öňüne indi gözi aýnekli çykyp başlady. WIDEO


Berdimuhamedow täze keşpde peýda boldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:26 0:00

Berdimuhamedow täze keşpde peýda boldy

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetçiligiň öňüne täze keşpde çykdy. Türkmen media we metbugat serişdeleri prezidenti indi äýnekli keşpde görkezýär.

25-nji aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisine prezident Berdimuhamedow täze keşpde, ýagny äýnekli gatnaşdy. Döwlet eýeçiligindäki media we metbugat serişdeleri prezidenti indi gözi äýnekli görkezýar.

Mundan ozal döwlet metbugaty prezidenti bu keşpde görkezmändi.

Döwlet eýeçiligindäki metbugat çaparlary “Türkmenistan” we “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetleriniň 26-njy aprelde çapdan çykan sanlary hem prezidentiň gözi äýnekli suratyny baş sahypalarynda ýerleşdirdi.

Türkmenistanda däp bolan kadalara laýyklykda, döwlet baştutany daşky keşbini üýtgedende döwlet edaralarynda, çagalar baglarynda, mekdeplerde, ýokary okuw jaýlarynda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ähli edaralarda prezidentiň portreti üýtgedilýär we edaralaryň işgärlerinden täze portreti satyn almak talap edilýär. Penşenbe güni il öňüne gözi äýnekli çykan Berdimuhamedowyň portretleriniň ýurt boýunça üýtgediljekdigi ýa-da däldigi barada häzirlikçe maglumat ýok.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Türkmenhowaýollarynuň" bir uçaryndaky portreti
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň "Türkmenhowaýollarynuň" bir uçaryndaky portreti

Prezident Berdimuhamedow kä sport eşiginde, kä harby lybasda, kä erkin gündelik eşikde, köplenç resmi lybasda ýygy-ýygydan jemgyýetçiligiň öňüne çykyp durýar. Ýöne şol bir wagtyň özünde beýleki döwlet emeldarlary birsydyrgyn gara kostýum-jalbar, gara galstuk, ak köýnek geýmeli edilýärler.

Prezident döwlet telewideniýesinde halkyň öňünde sport bilen meşgullanýan keşpde görkezilende, ol esasan ak reňkli, çep döşüne dürli nagyşlar çekilen sport eşiklerinde sport çäresine gatnaşýan wagty, onuň gapdalyndaky döwlet emeldarlarynyň ählisi başdan aýak ýaşyl reňkli sport lybaslaryna bürenmeli edilýär. Ýöne, meselem, şeýle çärelere prezident agtygy Kerim ýa-da ogly Serdar bilen gatnaşsa, olara prezidentiň geýnen egin-eşiklerine çalymdaş ýa-da edil birmeňzeş reňkde egin-eşik geýmäge rugsat berilýär.

Prezident Berdimuhamedow ogluna estafeta nobatyny gowşurýar
Prezident Berdimuhamedow ogluna estafeta nobatyny gowşurýar

Türkmenistanyň prezidentleri ýurt içinde we dünýä jemgyýetçiliginde daşky keşplerine wagtal-wagtal girizýän üýtgeşmeleri bilen tanalýarlar. Ýatlasak, ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň wezipä girişendäki duw-ak saçy wagtyň geçmegi bilen garalyp başlapdy.

1999-njy ýylda ýurduň ozalky prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň saçynyň reňkinde üýtgeşme bolupdy. Onuň saçynyň reňki ak reňkden ilki gyzyl-goňur reňke öwrülipdi. Nyýazow saçynyň reňkindäki üýtgeşmeleri 1997-nji ýylda ýüreginden operasiýa bolandan soň, saçy düşüp hytaýly saç lukmanyna görünmegi, reňkdäki üýtgeşmeleriň bolsa şonuň netijesidigini aýdyp düşündiripdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylyň fewralynda ýurduň prezidenti wezipesine girişende çalaran saçda kasam kabul edipdi. Wagtyň geçmegi bilen Berdimuhamedowyň saçy hem garalmak bilen boldy.

Ýöne 2018-nji ýylyň 26-njy iýulynda Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki media we metbugat serişdeleri çala çalaran saçly prezidentiň keşbini jemgyýetçilige ýetirdi.

Döwlet metbugaty Berdimuhamedowyň il öňüne duýdansyz gözi äýnekli çykmagyny hem-de onuň saçynyň reňkiniň birden çalaryp başlamagyny teswirlemeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG