Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň dellekhanalaryna erkekleriň saçyny boýamakdan saklanmak tabşyryldy


Dellekhana (illýustrasiýa suraty)
Dellekhana (illýustrasiýa suraty)

Aşgabadyň ýörite gözellik salonlarynda we erkekler üçin niýetlenen dellekhanalarynda erkek müşderileriň saçyny boýamak, şeýle-de saçyny ýaşlaryň arasynda meşhur bolan görnüşde şekilli syrmak gadagan edildi. Bu barada Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary aýdýarlar.

Читайте также на русском

"Elitnyý gözellik salonlarynyň biriniň işgäri iş ýerine şäher prokuraturasynyň wekilleriniň barandygyny, öz ýolbaşçysynyň, bolsa, prokuratura aýratyn çagyrylandygyny gürrüň berdi. Parikmaherler bilen gürrüňdeşligiň temasy erkekleriň saçyny boýamagyň, şeýle-de ýaşlaryň saçyny şekilli syrmagyň gadagançylygyna bagyşlandy. Adatça bolşy ýaly, olara hiç hili ýazmaça düzgünnama görkezilmän, diňe ýokardan tabşyrygyň bardygyny aýdylypdyr" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 14-nji awgustda aýtdy. Onuň sözlerine görä, şeýle tabşyryklar Aşgabadyň gözellik salonlarynyň ýene birnäçesine we "Berkarar" söwda merkezindäki erkekler üçin ýöriteleşdirilen salonlara berlipdir.

Ýerli synçylar Türkmenistanyň paýtagtynda erkekleriň arasynda saçyny boýamak modasynyň bir ýyl mundan ozal has giňden ýaýrandygyny belleýärler. Olaryň sözlerine görä, öň saçyny boýanlaryň köpüsiniň daşary ýurtly kompaniýalaryň işgärleri, şeýle-de parikmaherleriň özleri, dijeýler, aýdymçy-sazandalar ýaly sungat işgärleri bolan bolsa, indi erkekleriň saçyny boýamagyň has köp ýerli ýaşaýjylaryň arasynda ýörgünli bolupdyr.

Şol bir wagtyň özünde-de, Türkmenistanda erkekleriň saçyny boýamagyna girizilendigi aýdylýan gadagançylygy ne ýurt resmileri, ne-de habar serişdeleri agzaýarlar. Munuň sebäpleri-de nämälim galýar.

Bellemeli ýeri, erkekleriň saçyny boýamagyna girizilendigi aýdylýan gadagançylyk döwlet baştutanlarynyň öz saçyny boýaýan ýurdunda ýüze çykýar.

Türkmenistany 2006-njy ýylda Saparmyrat Nyýazowyň ýogalmagyndan soň dolandyryp gelýän prezident Gurbanguly Berdimuhamedow başda çal saçlydy, emma soň onuň saçynyň reňki garalypdy.

Awgustyň başynda türkmen prezidentiniň saçynyň reňki birden üýtgäp, çalardy. Bu ýagdaý dessine habar beriş serişdeleriň üns merkezine düşdi.

"Öňki söwet Türkmenistanyň hökümdary saçynyň gara reňkinden el çekdi. Öz ýolbaşçylarynyň şahsyýet kulty bilen tanalýan ýurtda bu ädimi jikme-jik öwrenmek synanyşygy ediler" diýlip Fransiýanyň AFP agentliginiň 2-nji awgustda çap eden maglumatynda bellendi.

Türkmenistanyň Berdimuhamedowdan öňki ýolbaşçysy Saparmyrat Nyýazow hem saçyny boýaýardy, onuň çalaran saçy başga gyzgylt soňra gara reňke öwrülipdi

Häzirki wagtda Azatlygyň Türkmenistandaky käbir söhbetdeşleri erkekleriň saçyny boýamagyna girizilen çäklendirmeleriň döwlet baştutanynyň öz saçyny boýamagyny bes etmegi bilen baglanyşdyrýarlar we şu sebäpden onuň "başgalara-da gadagan edýän bolmagyny" çak edýärler.

Käbir ýerli synçylar erkekleriň saçyny boýamagynyň gadagan edilmegini häkimiýetleriň jemgyýete gözegçilik etmek synanyşygy bilen baglanyşdyrýarlar.

Türkmenistanda milli däp dessurlar, şol sanda milli geýimler medeni gymmatlyklar hökmünde wasp edilýär. Hususan-da, döwlet edaralarynyň işgärlerinden, okuw jaýlarynyň okuwçylaryndan keşdeli tahýa, aýal gyzlardan milli köýnek talap edilýär. Ýaňy-ýakynda aýal-gyzlardan mundan beýläk keşdeli balagyň, ýagny milli aýak geýimiň talap ediljegi mälim boldy.

Türkmenistanda ilatyň daş-görnüşine degişli dürli gadagançylyklar, çäklendirmeler we talaplar häkimiýetler tarapyndan öňden bäri edilip gelinýär. Dürli ýylarda ýurduň erkek ýaşaýjylarynyň altyn dişli, uzan saçly we sakgally bolmagy gadagan edilipdi.

Azatlygyň habarçylary şu günki gün Türkmenistanda erkekleriň saçyny reňklemeginiň gadagan edilmeginiň fonunda aýal-gyzlaryň arasynda saçyny açyk reňke boýamagyň ýene gadagan edilmeginiň ähtimallygy bilen aladalanmalaryň artyp başlandygyny belleýärler.

Şu ýylyň dowamynda Türkmenistanyň häkimiýetleriniň zenanlaryň dar köýneklerine, saçynyň sary reňke boýalmagyna we ýurda saç reňkleýän boýaglaryň getirilmegine çäklendirme girizendigi habar berlipdi.

XS
SM
MD
LG