Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda Ahal-teke atçylyk birleşiginiň mejlisi geçirildi, synçylar atlaryň 'syýasatyň pidasy' bolandygyny aýdýarlar


Çehiýdaky ahal-teke atlary
Çehiýdaky ahal-teke atlary

26-njy aprelde Aşgabatda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda, Halkara ahal-teke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisi geçirildi we atçylygy ösdürmäge saldamly goşant goşan adamlara hormatly atlar dakyldy.

"Azatlyk" bilen anonim şertde gürleşýän ýerli synçylar türkmen atlarynyň at-abraýynyň 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri şahsyýet kultunyň hyzmatynda goýlandygyny we atçylygyň 2007-nji ýylda häkimiýet çalşandan soň, Berdimuhamedowyň baştutanlygynda "syýasatyň pidasy edilendigini", prezidentiň wezipesiniň we 'sowgat berlen' atlaryň arkasyndan ýurtda iň uly "at baýyna" öwrülendigini belleýärler.

Şol bir wagtda, atçylykdan başy çykýan adamlar soňky onýyllyklarda arassa ganly ahal-teke atlarynyň ata-baba arassa saklanan tohumlarynyň beýleki at tohumlary bilen garyşdyrylmagynyň güýçlenendigini öňe sürýärler.

TDH 2010-njy ýylda döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň arassa ganly ahal-teke atlaryny ösdürip ýetişdirmek, atçylyk sporty üçin ýokary derejeli çapyksuwarlary taýýarlamak, alym-ippologlaryň we beýleki hünärmenleriň sanyny artdyrmak bilen meşgullanýandygyny habar berýär.

Adat bolşy ýaly, bu mejlis ýurtda geçirlýän Bedew baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýär.

Türkmenistan her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramyny belleýär. Döwlet eýeçiligindäki medianyň maglumatyna görä, bu gezekki baýramçylyk çärelerine dünýäniň dürli ýurtlaryndan 300-den gowrak wekil gatnaşýar.

Türkmen atşynaslarynyň yhlasly zähmeti netijesinde tohumçylyk-seçgiçilik işinde oňyn tejribe toplandy. Bu bolsa tutuş adamzadyň hazynasyna mynasyp goşantdyr we ol häzirki döwürde yzygiderli ösdürilýär” diýip, döwlet eýeçiligindäki media prezident Berdimuhamedowyň mejlisde aýdan sözlerini sitirleýär.

Emma Orsýetiň atçylyk boýunça ylmy-barlag instituty 2016-njy ýylyň noýabrynda soňky 30 ýylyň dowamynda Türkmenistanda tohum arassalygy ylmy barlaglar esasynda tassyklanan ahal-teke atlaryň sanynyň 96.8% derejesinden 11% -e çenli azalandygyny aýdýar.

Mejlisiň dowamynda «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakyndaky permanlar okaldy.

Hormatly ada mynasyp bolanlaryň hatarynda ABŞ-nyň «Garagum ahalteke» atçylyk hojalygynyň başlygy Jessika Elizabet Eýle Keýt, Lýuksemburgyň «Asman teke» ahalteke atçylyk hojalygynyň başlygy Mişel Josiana Henriette Wan Kasteren, Hytaýyň Atçylyk assosiasiýasynyň baş kätibi Ýue Gaofeng dagy hem bar.

Režimiň tankytçylary türkmen hökümetini ahal-teke atlaryny ýurtda döredilen şahsyýet kultunynyň ömrüni uzaltmak üçin ulanmakda tankyt edýärler.

Tanymal atşynas, "Türkmen atlary" döwlet birleşiginiň ozalky başlygy Geldi Kärizowyň "Azatlyk" radiosy bilen 2015-nji ýylda eden söhbetdeşliginde aýtmagyna görä, soňky ýyllarda ahal-teke atlarynyň beýleki at tohumlary, hususan-da ňlis atlary bilen garyşdyrylmagy kada öwrüldi.

"Azatlyk" bilen 2016-njy ýylda eden söhbetdeşliginde bu pikiri tanymal türkmen publisisti, ýazyjy Amanmyrat Bugaýew hem tassyklady.

please wait

No media source currently available

0:00 0:04:20 0:00

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG