Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

SIPRI: Merkezi we Gündogar Ýewropa ýurtlary harby çykdajylaryny artdyrýarlar


Russiýa öz harby pudagyna goýberýän 61,4 milliard amerikan dollary bilen, dünýä boýunça altynjy orunda ýerleşdirildi.
Russiýa öz harby pudagyna goýberýän 61,4 milliard amerikan dollary bilen, dünýä boýunça altynjy orunda ýerleşdirildi.

2018-nji ýylda Ukraina, şeýle-de Merkezi we Gündogar Ýewropanyň ençeme ýurtlary, aglaba ýagdaýda Russiýadan abanyp biljek howplara jogap hökmünde, özleriniň goranmak pudagyna goýberýän harajatlaryny göz-görtele artdyrdylar diýip, degişlilikdäki öňdebaryjy ylmy-barlag instituty maglumat berýär.

Stokgolmyň Halkara Parahatçylyk Ylmy-Barlag Institutynyň, ýagny SIPRI-niň 29-njy aprelde ýaýradan maglumatyna görä, geçen ýyl Ukrainanyň harby pudagyna goýberýän serişdeleri 21% artyp, ol 4,8 milliard amerikan dollaryna deň bolupdyr.

Meňzeş özgerişleri Bolgariýada, Rumyniýada, Latwiýada we Litwada hem synlasa bolýar diýlip, SIPRI-niň “Dünýäde harby çykdajylaryň tendensiýasy 2018” atly çaklamalarynda aýdylýar. Bu ýurtlarda goranmak pudagyna goýberilýän serişdeler 18-24% aralygynda artdy. Polşanyň bu ugurdaky harajatlary 8,9% artyp, ol 11,6 milliard amerikan dollaryna deň boldy.

“Merkezi we Gündogar Ýewropada harby pudaga goýberilýän harajatlaryň artmagy aglaba ýagdaýda Russiýadan abanyp biljek howp barada duýgurlylygyň artmagy bilen baglanyşykly. Soňky iki ýylyň dowamynda Russiýanyň harby pudaga goýberýän harajatlarynyň aşaklandygy baradaky hakykata garamazdan, bu görkeziji amala aşdy” diýip, SIPRI-niň ýokary derejeli ylmy-barlagçysy Pieter Wezeman aýtdy.

Şol bir wagtda, Russiýanyň harby çykdajylary 2017-nji ýyl bilen deňeşdirilende geçen ýyl 3,5% peseldi. Emma, muňa garamazdan Russiýa öz harby pudagyna goýberýän 61,4 milliard amerikan dollary bilen, dünýä boýunça altynjy orunda ýerleşdirildi.

Russiýanyň harby pudaga goýberýän harajatlary ýurduň Umumy içerki önüminiň ösüşiniň (GDP) 3,9%-ni emele getirýär.

Günbatar tarapyndan goldanylýan Ukraina ýurduň gündogarynyň käbir böleklerini ele salan we Russiýa tarapyndan goldanylýan separatistlere garşy 2014-nji ýyldan bäri söweş alyp barýar. Bu konfliktde 13 müňden gowrak adam heläk boldy. Şeýle-de, Russiýa 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym regionyny anneksiýa etdi we ele saldy.

2018-nji ýylda harby pudaga goýberýän harajatlaryny ep-esli artdyran ýurtlaryň hatarynda Ermenistan (33%-e çenli), Bosniýa-Gersogowina (26%), Bolgariýa (23%), Ukraina, Rumyniýa (18%) we Gazagystan (16%) bar.

2018-nji ýylda Eýranyň harby pudaga goýberýän harajatlary 9,5% pese gaçyp, 13,2 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Eýranyň ykdysadyýeti we onuň walýutasy Birleşen Ştatlar tarapyndan girizilen täze maliýe sanksiýalary sebäpli ejir çekdi.

Waşington Tährany Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) rezolýusiýalaryna gulak asman, ýadro ýaraglaryny özleşdirmäge synanyşmakda we regionda ekstremist ýowuzlygy öjükdirmekde aýyplaýar. Eýran bu aýyplamalary ret edýär.

Ençeme ýyl arakesmeden soň, 2018-nji ýylda Owganystanyň harby pudaga goýberýän harajatlary 6,7% artdy we 198 million amerikan dollaryna barabar boldy.

Günbatar tarapyndan goldanylýan Owganystan Kabuldaky hökümeti agdarmak isleýän “Talybana” we beýleki ekstremist toparlara garşy söweşlerini dowam etdirýär.

Pakistan harby pudaga goýberýän harajatlaryny 11%-e çenli artdyryp, 11,4 milliard amerikan dollaryna barabar etdi. Netijede Pakistan dünýäde harby pudaga iň köp harajat goýberýän 20-nji ýurt boldy.

Pakistanyň harby pudaga goýberýän harajatlary onuň Umumy içerki önüminiň ösüşiniň (GDP) 4%-ne deň bolup, bu 2004-nji ýyldan bäri iň ýokary görkezijidir.

Bu aralykda, Pakistanyň goňşusy we gaýduwsyz ýadro bäsdeşi Hindistanyň harby pudaga goýberýän harajatlary 3,1%-e çenli artyp, 66,5 milliard amerikan dollaryna deň bolupdyr. Bu onuň Umumy içerki önüminiň ösüşiniň (GDP) 2,4%-ne barabardyr.

Şu ýylyň başynda jedelli Kaşmir regiony we onuň töweregi bilen ilteşikli Hindistan bilen Pakistanyň arasynda ýowuzlyklar güýçlenipdi. Agzalýan regionyň belli bir bölegi Pakistan, beýleki bölegi-de Hindistan tarapyndan dolandyrylýar, ýöne iki ýurt hem onuň doly özüne degişlidigini öňe sürýär.

Hasabatda tutuş dünýäde harby pudaga goýberilýän harajatlaryň 2018-nji ýylda 2,6%-e artyp, 1,822 trillion amerikan dollaryna barabar bolandygy we munuň global Umumy içerki önüminiň ösüşiniň (GDP) 2,1%-ni emele getirýändigi aýdylýar.

Dünýäde harby pudaga goýberýän harajatlarynyň möçberi boýunça iň öňdäki bäşlikde Birleşen Ştatlar, Hytaý, Saud Arabystany, Hindistan we Fransiýa ýerleşýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG