Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident ýurduň çar künjegine gelen siliň oňaýsyz täsirini agzamazdan, häkimlerden bol hasyl talap edýär


Türkmen döwlet habarlar (TDH) gullugyndan alnan surat
Türkmen döwlet habarlar (TDH) gullugyndan alnan surat

Türkmenistanyň dürli künjeklerinde bahar aýlarynda ýagan dowamly ýagyşlar Ahal, Mary we Balkan welaýatlarynda gowaça meýdanlaryny hatardan çykardy.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ençeme kärendeçi silde zaýa bolan gowaça ekinlerini täzeden ekmeli bolýandyklaryny aýdýarlar. Bu habarlaryň fonunda 29-njy aprelde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow welaýat häkimleri we Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasarlary bilen wideoşekilli iş maslahatyny geçirip, ekin meýdanlaryndan bereketli hasyl almagy tabşyrdy.

TDH-nyň maglumatyna görä, iş maslahatynyň dowamynda Ahal welaýatynyň häkimi Şöhrat Amangeldiýew, Balkan welaýatynyň häkimi Ýaztagan Gylyjow, Lebap welaýatynyň häkimi Taňryguly Atahallyýew, Mary welaýatynyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew hem-de Daşoguz welaýatynyň häkimi Mämmet Baýramgulyýew dagylar öz gözegçilik edýän regionlarynda oba hojalyk işleriniň barşy barada prezidente hasabat berdiler.

Öz gezeginde, Berdimuhamedow welaýat häkimleriniň hasabatlaryny diňläp, olara galla oragyndan bereketli hasyl almagy we gowaça ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyk geçirmegi tabşyrypdyr. Ýöne döwlet metbugatyna görä, ýygnagyň dowamynda soňky bir aýdan gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistanyň dürli künjeklerine gelen güýçli sil we onuň oba hojalyk ekinlerine ýetiren täsiri barada gürrüň gozgalmandyr.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanda köpçülikleýin gowaça ekmek işlerine Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary 23-nji martda we Daşoguz welaýatynyň daýhanlary biraz giç — 27-nji martda girişdiler.

Şol bir wagtyň özünde, Balkan welaýatynyň käbir künjeklerine 19-njy martda, Ahal we Mary welaýatlaryna apreliň ikinji ongünlüginiň başynda güýçli sil geldi.

Serhetabada sil geldi
please wait
Embed

No media source currently available

0:00 0:00:30 0:00

Serhedabada gelen silden wideo görnüşler

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary dowamly ýagan ýagyşlaryň ekerançylyga ýaramaz täsir edendigini habar berýärler.

19-njy aprelde “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri hem ýurduň günortasyna ýagan ýagyşlaryň oba hojalyk ekinlerine zarba urandygyny habar berdi:

“Oba hojalyk ekinlerine, bugdaý we arpa maýsalaryna, şeýle-de golaýda gowaça ekilen meýdanlara düýpli zyýan ýetdi. Aşgabadyň etegindäki Änewden başlap, Mary welaýatyndaky ekerançylyk meýdanlaryna çenli aralykda güýçli ýagan ýagyn bugdaý sünbüllerini ýere ýazdy, gowaça ekilen meýdanlar bolsa gapaklady. Bu ýagdaý gögerip gelýän ekinleriň ýeri böwsüp, ýokaryk çykmagynyň öňüni alýar” diýip, neşir ýerli habarçylaryna salgylandy.

Prezident Berdimuhamedow 19-njy aprelde ýokary wezipeli hökümet resmileri bilen geçiren iş maslahatynda oba hojaly pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Esenmyrat Orazgeldiýewe ýüzlenip bu ýylyň ygally bolandygyny aýtdy, ýöne onuň ýaramaz täsirini agzamazdan diňe meýdan otlarynyň bol bolmagyna getirendigini belledi.

Aşgabada sil geldi
please wait
Embed

No media source currently available

0:00 0:00:23 0:00

Aşgabada gelen silden wideo görnüşler

Prezident “Bu otlary orup, belli bir ýerlerde basyp goýmak” barada wise-premýere tabşyryk berdi diýip, döwlet mediasy habar berýär.

Şu ýyl Türkmenistanda gowaça ekmek üçin 550 müň gektar ýer taýýarlanylyp, ondan 1 million 50 müň tonna hasyl ýygnamak göz öňünde tutulýar.

Halkara hukuk toparlary türkmen hökümetiniň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmagyny tankyt edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG