Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gowaça ekişine girişilen mahaly, lebaply kärendeçiler tehnikanyň üpjün edilmeýändigini aýdýarlar


Türkmen döwlet habarlar (TDH) gullugyndan alnan surat
Türkmen döwlet habarlar (TDH) gullugyndan alnan surat

Türkmenistanyň döwlet mediasy ýurtda gowaça ekişine badalga berlip, munuň üçin ähli şertleriň döredilendigi barada reportažlar görkezýän mahaly, lebaply kärendeçiler oba hojalyk tehnikalarynyň üpjün edilmeýändiginden we ekişiň gijä galmagyndan kösenýändiklerini aýdýarlar.

Belläp geçsek, Türkmenistanda köpçülikleýin gowaça ekmek işine Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary 23-nji martda we Daşoguz welaýatynyň daýhanlary biraz gijiräk — 27-nji martda girişdiler.

“Aradan 10 gün diýen ýaly geçdi. Geçen ýyllarda bolşy ýaly häkimiýetler ýene perwaýsyzlyk edýärler. Olar kärendeçi daýhanlary zerur tehnikalar bilen üpjün etmeli, ýöne bu amal edilmeýär. Traktor ýetmeýär. Ekiş ýene gijä galýar. Bu ýyl hem geçen ýylky ýagdaý gaýtalanýar, hatda öňküden hem erbet. Plan borçnamany dolup bilmeris diýip, alada edýäris” diýip, Azatlygyň Lebapdaky habarçylarynyň biri bilen anonim şertde söhbetdeş bolan daýhanlaryň biri özleriniň alaçsyzlykdan kösenýändiklerini aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň etrap häkimlerine hususy eýeçilikdäki traktorlary işe çekmek barada görkezme berildi. Ýöne bu ýagdaýdan hususy eýeçilikdäki traktor eýeleri hoşal däldigi aýdylýar.

“Traktor eýeleri özleriniň mugtuna işledilýändigini aýdyp, şikaýat edýärler. Sebäbi olara diňe ýangyç berilýär, sarp eden wagty we çeken zähmeti üçin hiç hili töleg tölenmeýär. Ýöne şol bir wagtda-da, olar ýerleri ekişe taýýarlamaga mejbur edilýär” diýip, habarçy ýerli ýaşaýjylaryň ençemesine salgylanyp, 4-nji aprelde gürrüň berdi.

Şol bir wagtyň özünde, şu günler ýurduň resmi mediasy ekiş üçin ähli şertleriň döredilendigini habar berip, bu möwsümiň başlanmagy mynasybetli guralan dabaralaryň çäklerinde, oba hojalyk tehnikalarynyň hatarlanyp duran sergisini ýygy-ýygydan görkezýär.

Döwlet metbugatynyň 24-nji martda çap eden habaryna görä, şu möwsümde dürli görnüşli traktorlaryň 7 müň 500-e golaýy, ekiji agregatlaryň 2 müňe golaýy, kultiwatorlaryň, boronalaryň we ekişi bökdençsiz üpjün etmek üçin zerur oba hojalyk gurallarynyň 4 müň 500-den gowragy peýdalanylar.

Şeýle-de, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýerli häkimiýet edaralary tarapyndan “işi gije-gündizleýin esasda alyp barmak üçin tehnikalara hyzmat gullugy, mehanizatorlaryň, ekişe gatnaşýan beýleki hünärmenleriň netijeli işi we dynç alşy üçin ähli zerur şertleriň döredilendigi” hem bellenildi.

Ýöne Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan kärendeçi daýhanlaryň onlarçasy bu aýdylanlaryň we görkezilenleriň köplenç iş ýüzünde amal edilmeýändigini, ekiş üçin zerur bolan şertleriň üpjün edilmegi üçin käte özleriniň hepdeläp garaşmaly bolýandyklaryny aýdýarlar.

“Diňe ekiş döwri däl, eýse dökün, suw we beýleki zerur serişdeler hem öz wagtynda üpjün edilmeýär. Bu bolsa, hasylyň hiline we onuň öz wagtynda ýetişmegine hem oňaýsyz täsir ýetirýär. Telewideniýede hemme zat gülala-güllük edip görkezilýär, ýöne telewideniýäniň işgärleri gidensoň, hemme zat üýtgeýär” diýip, lebaply daýhanlaryň biri anonim şertde Azatlyga gürrüň beripdi.

27-nji martda Azatlygyň habarçysy Daşoguz welaýatynda býujet işgärleriniň, ýokary okuw jaýlarynyň studentleriniň, mekdep okuwçylarynyň we ýaşulularyň ýurduň döwlet telekanallary üçin surata alnan “gowaça ekişine girişmek” dabarasyna taýýarlyk çärelerine bir hepdeläp gatnaşmaga mejbur edilendigini habar beripdi.

Şol güni “Altyn Asyr” döwlet telekanaly ýurduň demirgazyk welaýatynda geçirilen bu çäre barada jemi 14 minuda golaý wideo reportažy ilata ýetirdi. Onda ortaça müňden gowrak adamyň, şol sanda çagalaryň, ýaşulularyň, býujet işgärleriniň, studentleriň gatnaşmagynda welaýatyň azyndan 10-a golaý böleginde dürli çäreleriň geçirilendigi görkezildi.

Şu ýyl Türkmenistanda gowaça ekmek üçin 550 müň gektar ýer taýýarlanylyp, ondan 1 million 50 müň tonna hasyl ýygnamak göz öňünde tutulýar.

Şeýle-de, şu ýyl ilkinji gezek,oba hojalyk ähmiýetli ýörite ýer gaznasyndan ýer böleklerini alan hususyýetçiler 25 müň 567 gektar meýdana gowaça eker. Olaryň bu ýerden näçe mukdarda gowaça hasylyny almagy göz öňünde tutýandygy barada maglumat berilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG