Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Importyň ornuny tutýan önümleri köpeldýän Türkmenistan Stawropoldan tohumlyk bugdaý alar


Gökedepe etrabynda bugdaý ekilen meýdan. 2018.
Gökedepe etrabynda bugdaý ekilen meýdan. 2018.

Türkmenistan şu ýyl Orsýetiň Stawropol ülkesinden tohumlyk bugdaý satyn alyp başar diýip, “Türkmenistanyň” hronikasy” neşiri Orsýetiň “Новости 1777” neşirine salgylanyp habar berýär.

Rus habar agentliginiň Stawropolyň oba hojalyk ministriniň orunbasary Andreý Oleýnikowa salgylanyp habar bermegine görä, Orsýetden Türkmenistana 2019-njy ýylda 10 müň tonna güýzlük bugdaýyň we beýleki däne ekinleriniň tohumy iberiler.

Aýdylmagyna görä, tohum satyn almak baradaky şertnama maýyň ortasynda baglaşylmaly. Bu habar Türkmenistanda dowamly ýagan ýagyşlaryň hasyla duran bugdaý we arpa ekinlerine uly zyýan ýetirendigi baradaky resmi bolmadyk maglumatlaryň ýaýran wagtynyň yz ýanyna gabat geldi. Emma resmi Aşgabat bugdaý hasylyna ýeten zyýan barada hiç bir maglumat bermeýär.

Geçen ýyl Türkmenistanda bugdaý we arpa hasyly, suw ýetmezligi we ýylyň gurak gelmegi netijesinde, örän pes boldy diýip, “Azatlygyň” ýerli habarçylary habar berdiler. Bu ýagdaý ýurtda ýerli unuň we mala berilýän kepegiň gytçylygyna alyp geldi.

Türkmenistan soňky ýyllarda importyň ornuny tutýan we eksport edip boljak önümleri köp öndürmek tagallalaryny edýär.

XS
SM
MD
LG