Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Aşgabatda regional howpsuzlygy we Owganystandaky ýagdaýlary maslahat edýär


Türkmenistanyň kartasy
Türkmenistanyň kartasy

30-njy aprelde Birleşen Ştatlaryň Ýakyn Gündogar we Günorta Aziýa boýunça (NESA) strategiki barlaglar merkezi Günorta Aziýa we Merkezi Aziýada ABŞ-nyň howpsuzlyk syýasaty boýunça Aşgabatda okuw maslahatyny geçirdi.

Bu barada Trend habar gullugy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp maglumat berýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda geçirilen okuw maslahatyna ýurduň Goranmak ministrliginiň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Döwlet serhet gullugynyň hem-de Daşary işler ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.

“Okuw maslahatynyň dowamynda ABŞ-nyň Merkezi we Günorta Aziýadaky howpsuzlyk gyzyklanmalarynyň seljermeleri, Owganystandaky ýagdaýlar, radikallaşma we ekstremizme garşy göreş, şeýle hem sebitdäki umumy ýagdaýlar ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar” diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi okuw maslahaty barada öz resmi websaýtynda habar berdi.

Okuw maslahaty 3-nji maýa çenli dowam eder.

Ýakyn Gündogar we Günorta Aziýa boýunça strategiki barlaglar merkezi 2000-nji ýylda Birleşen Ştatlaryň Goranmak departamentiniň binýadynda esaslandyryldy.

Mundan ozal, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Ştatlaryň Merkezi serkerdeliginiň wekiliýetiniň hem-de Goranmak departamentiniň düzümindäki Harby howpy azaltmak boýunça agentligiň wekilleriniň arasynda hem duşuşyk geçirilipdi.

Trendiň maglumatlaryna görä, onda taraplar howpsuzlyk pudagynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini hem-de tebigy we tebigy däl heläkçiliklere garşy görülmeli çäreler boýunça, şeýle-de ýadro ýaraglary bilen bagly problemalar barada pikir alyşdylar.

Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy hem habar beripdi. Onuň maglumatyna görä, 16-njy aprelde Döwlet gümrük gullugynda geçirilen duşuşyga ABŞ-nyň Merkezi serkerdeliginiň, Harby howpy azaltmak boýunça agentliginiň wekilleri hem-de Birleşen Ştatlaryň Türkmenistandaky ilçihanasynyň harby attaşesi gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda ABŞ-nyň Merkezi serkerdeliginiň 2019-2020-nji ýyllarda meýilleşdirýän çäreleri, ABŞ-nyň Harby howpy azaltmak boýunça agentligi tarapyndan Merkezi Aziýada alnyp barylýan işler barada gürrüň edildi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, resmi metbugatda aýdyldy.

Ondan ozal, 21-nji fewralda Birleşen Ştatlaryň Merkezi serkerdeliginiň komandiri Josef Woteliň ýolbaşçylygynda Merkezi Aziýa we Günorta Aziýa ýurtlarynyň ýaragly güýçleriniň harby serkerdeleri bilen Özbegistanyň Daşkent şäherinde maslahat geçirılipdi. Özbegistanyň Goranmak ministrliginiň maglumatlaryna görä, maslahata Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň hataryndan harby serkerdeler hem gatnaşypdy. Onuň dowamynda Owganystandaky durnuklylyk, terrorçylyga garşy göreş, neşe serişdeleriniň ýaýramagy we kiberjenaýatçylyk ýaly meseleler maslahat edildi.

Geçen 29-njy noýabrda Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretarynyň Merkezi Aziýa işleri boýunça orunbasarynyň baş kömekçisi Alis Wells (Alice Wells) Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Birleşen Ştatlaryň Merkezi Aziýaly serhetçilere şolaryň hatarynda türkmenlere türgenleşik okuwlaryny geçmek arkaly ýardam berýändigini aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan Russiýa bilen hem harby tälim-türgenleşikleri dikeltdi.

25-nji dekabrda Russiýanyň Merkezi harby okrugynyň ýolbaşçysy Ýewgeniý Ustinow Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky harby türgenleşikleriň täzeden dikeldilendigini habar beripdi.

Ýatlasak mundan ozal, rus metbugaty türkmen-owgan serhedine abanýan ýaramaz howpsuzlyk wehimleri barada birnäçe gezek habar beripdi.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki habar serişdelerinde türkmen-owgan serhediniň howpsuzlyk wehimleri barada gürrüň edilmeýär.

XS
SM
MD
LG