Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Krasnodarda ýaş oglany kemsiden müdir wezipesinden çetleşdiriler


Çagalar bagynyň müdiri oglany Russiýany we russiýalylary hallamazlykda aýyplap, kemsidip başlaýar.
Çagalar bagynyň müdiri oglany Russiýany we russiýalylary hallamazlykda aýyplap, kemsidip başlaýar.

Russiýanyň Krasnodar şäherindäki çagalar baglarynyň birinde bir kiçi oglany kemsidip, dyzyna çökerip, soňy bilen-de ýeri öpmäge mejbur eden müdir wezipesinden çetleşdiriler. Bu barada Krasnadar regionynyň ýerli bilim edarasy maglumat berdi.

Ady belli edilmedik müdir aýalyň oglany kemsidýän wideosy 30-njy aprelde ýazgy edilip, 1-nji maýda hem internetde ýerleşdirilipdi.

Ýerli bilim resmileri oglanyň ene-atasynyň bu waka bilen baglylykda polisiýa etjek şikaýatlarynyň “islendigini” goldajakdyklaryny hem mälim etdiler.

“Müdiriň özüni alyp baryşy gaty elhençdi. Ol çaganyň diňe bir tenine däl, eýse onuň ruhuna hem zeper ýetirdi” diýip, ýerli bilim edarasynyň başlygy Alekseý Nekrasow aýtdy.

“Mundanam başga, ol beýleki çagalary hem kemsidýän ekeni” diýip, Nekrasow sözüne goşdy.

Wideoda görnüşine görä, müdir aýal oglany Russiýany we russiýalylary hallamazlykda aýyplap, ony zor bilen dyzyna çökerýär, soňy bilen-de onuň ýeňsesinden tutup ýeri öpmäge mejbur edýär.

XS
SM
MD
LG