Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Häkimiýetleriň hususy taksi sürüjilere garşy alyp barýan göreşi Daşogza gelip ýetdi


Illýustrasiýa suraty. Hususy taksi
Illýustrasiýa suraty. Hususy taksi

Türkmen häkimiýetleriniň hususy taksi sürüjilerine garşy görýän çäklendirme çäreleri indi Daşoguz welaýatyna baryp ýetdi.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylarynyň maglumatlaryna görä, Daşoguz welaýatynda Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugy, Döwlet salgyt gullugy hem-de Welaýat awtoulag barlag merkezi hususy taksi sürüjilerini gysýarlar.

Olaryň ele salnan hususy taksi sürüjisine salýan jerimesiniň möçberi 1500 manada çenli baryp ýetýär.

Türkmen kontekstinde il arasynda hususy ulagynda ygtyýarnamasyz kireý edýän awtoulag sürüjilerine-de hususy taksi sürüjisi diýilýär.

Azatlygyň habarçysynyň maglumatyna görä, häkimiýetler hususy ulagly barýan sürüjilere duzak gurýarlar; ýolagçy keşpde awtoulaga münüp, ygtyýarnamasyz adam gatnadýan sürüjileri tutýarlar.

Azatlygyň habarçysy Daşoguzda hususy taksi sürüjilere garşy edilýän basyşlaryň, hususy taksi hyzmatyny hödürlemeýän adaty sürüjileri hem agyr güne goýýandygyny habar berýär.

“Maşynda eger dogan-garyndaşyň ýa tanşyň oturan hem bolsa sürüjini ýolagçy gatnatmakda aýyplaýarlar” diýip, habarçy aýtdy. “Adamlar ulagly köçä çykmaga gorkýarlar” diýip, habarçy sözüne goşdy.

Onuň maglumatlaryna görä, häkimiýetler Aşgabatdan Daşogza döwlet taksilerini ugratmagyň gürrüňini edýärler.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýanwaryň aýagynda Türkmenistanyň Awtoulag ministrligini ýatyryp, ony “Türkmenawtoulaglary” agentligine öwürdi hem-de agentligi täze döredilen Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň düzümine berkitdi. Prezident ýanwaryň aýagynda awtomobil ulag hyzmatlaryny hususylaşdyrmak boýunça kararlara gol çekdi.

Azatlygyň ýurt içindäki habarçysynyň maglumatlaryna görä, Daşoguzda dowamlylygy 40-60 minutlyk aralygyndaky ýola gatnaýan awtobuslaryň tölegi ýoluň bir tarapyna adam başyna 2 manat; Daşoguz şäherinde taksileriň bahasy adam başyna 5 manat.

Ol hususy eýeçilikdäki ulaglar bilen taksi hyzmatyny hödürlemäge degişli ygtyýarnamanyň berilmeginiň üç ýyl mundan ozal bes edilendigini aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki ikinji habarçysy hem Daşogza 200 taksi ulagynyň getirilmegine garaşylýandygyny habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, getiriljek taksiler paýdarlar jemgyýetine öwrülen bir kärhananyň hasabyndan alnar. Habarçy kärhananyň adyny agzamady.

Ýatlasak, 21-nji ýanwarda Azatlyk Radiosynyň paýtagtly habarçysy Aşgabadyň awtoulag kärhanasynyň hususylaşdyryljakdygyny bu kärhanada işleýän biri-birinden habarsyz iki çeşmesiniň sözlerine salgylanyp, habar beripdi.

Çeşmeler howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli atlandyrylmazlyk şertinde, hususylaşdyrylýan kärhananyň prezidentiň ýakyn töwereginden biriniň eýeçiligine geçýändigini öňe sürüpdi.

Aşgabat – Daşoguz aralygyna taksi töleginiň bahasy häzirki wagtda bir tarapyna 210 manat diýip habarçy goşmaça maglumat berdi.

Türkmenistanda hususy awtoulagynda kireý edýän sürüjilere edilýän gözegçilikler prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 4-nji aprelde içeri işler ministri Isgender Mulikowa “berk käýinç” yglan etmeginiň yzýany güýçlenip başlandy.

XS
SM
MD
LG