Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda garamtyl awtomobilleriň bikanun gadaganlygy halka garşy 'ykdysady terrora' öwrülýär


Aşgabatda reňkiniň garalygy üçin bikanun "garamaňlaý" edilen maşynlar
Aşgabatda reňkiniň garalygy üçin bikanun "garamaňlaý" edilen maşynlar

“Azatlygyň” Aşgabatdaky habarçylary hususy eýeçilikdäki garamtyl awtoulaglaryň garşysyna ulanylýan bikanun çäklendirmeleriň doly güýjünde dowam edýändigini, şol bir wagtda polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň maşynynyň reňkini agartmadyk sürüjilerden talap edýän paralarynyň möçberiniň barha ýokarlanýandygyny habar berýärler.

“Azatlyk” bilen anonim şertde gürleşen sürüjileriň biriniň sözüne görä, gara reňkli maşyn süreniň üçin berilmeli paranyň möçberi bilen bilelikde, polisiýa işgärleriniň käbirine“hakyňy al-da, goýbersene” diýip ýalbarmakhem barha köp wagt alýar.

Sebäbi olar, para bermäge kandidat köp bolansoň, para almagy kyn gören bolup, näz edýärler. Onsoň, birki sözde ýa-da sözsüz düşünişip bolýanwe aljagyny alyp, derrew goýberýän polisiýa ofiseri duşanda begenýärsiň” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Garamtyl reňkli awtoulaglaryň döwlet tarapyndan döredilýän maňlaýygaralygy ozalam zordan eklenýän on müňlerçe adamyň ykdysady maňlýaygaralygyna öwrülýär” diýip, howsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran sürüji aýtdy.

Garamtyl maşynlara garşy gadaganlygyň nobatdaky tolkunyny “Turkmen.news” habar neşiri hem tassyklaýar.

Neşiriň maglumatyna görä, şu günki günde Aşgabatdaky hyzmat merkezinde awtomobili gaýtadan reňkletmek üçin 20 müň manat ýa-da 1000 dollara golaý pul tölemeli we bu ýagdaý sürüjileriň käbiriniň maşynlaryny ulanmagy “gowy günlere” goýup, taksi ýa-da jemgyýetçilik transportyny ulanmak kararyna gelmegine sebäp bolýar.

Olar bu kararlaryny maşyn reňkletmekden taksi münmegiň arzanrak bolmagybilen düşündirýärler.

Türkmenistanda raýatlaryň hususy maşynlarynyň garaňkyradylan aýnalary, awtomobiliň reňki we beýlekiler baradaky çäklendirmeler ýyllarboýy dowam edýär we adamlaryň maşgala býujetine goşmaça ýük bolýar.

Ýerli ýuristler bu gadaganlyklaryň köpüsiniň hiç bir kanuny esasynyň ýokdugyny we diňe ýokardan, dilden berilýän bikanun görkezmä daýanýandygyny aýdýarlar.

Emma muňa garamazdan, hukuk goraýjylaryň sözleri bilen aýdylsa, raýatlaryň aglaba köplügi öz bähbitlerine göz ýumup, meýletin-mejbury arza ýazyp, bikanun karary kanunlaşdyrmaga, öz maşgala býujetine zyýan ýetirilmegine we haksyzlygyň dowam etdirilmegine aktiw gatnaşyjy bolýar.

Ýerli synçylaryň käbiri bu soňsuz gadaganlyklaryň adamlary hemişe gorkuda we mätäçlikde saklamak, syýasatdan daşda durmaga mejbur etmek üçin oýlanyp tapylan emelleriň bir bölegidigini öňe sürýär.

Wenada ýaşýan raýat aktiwisti Nurmuhammet Hanamow bu hili “hökümet hokgalarynyň” käte ýurduň adynyň ýaňsy bilen, “Bolanokystan” diýip tutulmagyna alyp gelýändigini aýdýar. Ýöne ol munuň indi gülkünç däldigini, sebäbi hususy awtomobilleriň eýelerine yrsaramalaryň “ykdysady terror” derejesine baryp ýetendigini öňe sürýär.

“[Prezident] Berdimuhamedowyň syýasaty halkyň aladasyny edenok, halka bolsun diýip edilýän hereket ýok. Näme üçin diýseňiz, şu maşynlary ak reňke reňklemegem halka ýene-de bir kynçylyk döretmek, bu hakykatdan ykdysady terror” diýip, Hanamow telefon söhbetdeşliginde aýtdy.

Türkmenistanyň ozalky ilçisiniň pikiriçe, bu gadaganlyklaryň arkasynda hökümetiň "adamlaryň bar aladasyny eklenje öwürmek bilen bilelikde, diňe iýjek-içjegini gazansa zor bolan halka goşmaça, bikanun salgyt salmak matlaby gizlenýär".

XS
SM
MD
LG