Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanyň demirgazygynda dört esger öldürildi


Pakistan bilen Owganystanyň 2 müň 400 kilometrlik umumy serhet araçägi bar. Arhiw suraty
Pakistan bilen Owganystanyň 2 müň 400 kilometrlik umumy serhet araçägi bar. Arhiw suraty

Pakistanyň demirgazyk-günbatar sebitinde jeňçilerdigi öýdülýän ýaraglylar howpsuzlyk güýçleriniň iki sany aýry ulag kerwenine hüjüm edip, dört esgeri öldürdiler, başga-da onusyny ýaraladylar.

Waka “Talybanyň” ozalky berkitmesi bolan Demirgazyk Waziristan sebitinde ýüze çykdy.

Ýerli resmiler hüjümçileriň soňy bilen Owganystanyň serhedine tarap gaçandyklaryny aýdýarlar.

Hüjümleriň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady.

Mundan birnäçe gün öň, Demirgazyk Waziristanda onlarça söweşiji serhetden geçip, üç esgeri öldüripdi.

Pakistan bilen Owganystanyň 2 müň 400 kilometrlik umumy serhet araçägi bar.

Iki ýurt hem birek-biregini söweşijileriň serhetden geçmeginiň öňüni almak ugrunda ýeterlik tagalla etmeýändigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG