Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran şertnama borçlaryny kemeldip, urany ýokary derejede baýlaşdyrmak haýbatyny atýar


Eýranyň prezidenti Hassan Rohani, 4-nji maý, 2019 ý.

Eýranyň prezidenti, eger dünýä döwletleri öz ýurdunyň bähbitlerini ABŞ sanksiýalaryndan goramasalar, Yslam Respublikasynyň gaýtadan ýokary derejeli uran baýlaşdyrmaga başlajakdygyny aýdýar.

Hassan Rohaniniň bu ýüzlenmesi döwlet telewideniýesinde 8-nji maýda, prezident Donald Trampyň Birleşen Ştatlary wajyp ýadro ylalaşygyndan çykarmak baradaky kararynyň bir ýyllygyna gabat efire berildi.

Rohani bu şertnama gol çeken beýleki ýurtlaryň - Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Hytaýyň we Orsýetiň Eýranyň nebit we bank pudaklarynyň goragy üçin çäre görmäge 60 gün wagtynyň bardygyny aýtdy.

Rohani bu bäş ýurduň liderlerine ýüzlenip, Eýranyň 2015-nji ýylda baglaşylan ýadro şertnamasy astynda öz üstüne alan borçlarynyň käbirini kemeldip başlajakdygyny we mundan beýläk baýlaşdyrylan urany we agyr suwy, şertnamada nazarda tutulyşy ýaly, başga ýurtlara eksport etmejekdigini ýazdy.

Eýranyň döwlet mediasy 8-nji maý güni irden bu hatyň gürrüňi edilýän bäş ýurduň ilçihanalaryna gowşurylandygyny habar berdi.

"Eger bu bäş ýurt gepleşiklere goşulyp, Eýrana özüniň nebit we bank pudaklaryndaky bähbitlerini goramaga kömek etse, Eýran baglaşylan ýadro ylalaşygy boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge dolanyp geler” diýip, Rohani aýtdy.

Emma muňa garamazdan, ol eger-de ýewropa liderleri BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň üstünden Eýrana garşy has kän sanksiýa girizmäge çalyşsalar, anyklaşdyrmazdan, muňa “güýçli reaksiýa” bildiriljekdigini hem duýdurdy.

Eýranyň daşary işler ministriMohammad Jawad Zarif hem twitterde "Bir ýyllap sabyr edeninden soň, Eýran [Birleşen Ştatlaryň] dowam etdirilmegine ýol goýmadyk çärelerini togtadýar” diýip ýazdy.

Dünýä döwletleriniň “muny üýtgetmek mümkinçiligi azalýar” diýip, Zarif sözüniň üstüni ýetirdi.

Ýadro ylalaşygy Eýranyň urany 3.67%-e çenli, kommersiýa ýadro zawodyna ýangyç bolup biljek derejede baýlaşdyrmagyny çäklendirýär. Ýarag ýasamak üçin uranyň 90 prosent çemesinde baýralaşdyrylmagy gerek.

Eýran öň urany 20 prosente çenli baýlaşdyrýardy. Alymlaryň aýtmaklaryna görä, eger-de ýurt urany 20 prosente çenli baýlaşdyryp bilse, onuň 90 prosente çenli uran baýlaşdyrmak üçin gerek wagty ýarpy gysgalýar.

Rohaniniň sözlän sözünden gysga wagt soň Fransiýanyň goranmak ministri Florense Parli Fransiýa ýadro ylalaşygyny saklap galmak isledi diýdi we eger-de Eýran öz borçnamalaryny ýerine ýetirmese, munuň sanksiýalar meselesine seredilmegine ýol açyp biljekdigini duýdurdy.

Parli BFM TV-sinde berlen sözünde Eýranyň bu ylalşykdan çekilmeginden başga erbet zat bolmajakdygyny aýtdy.

Hytaý degişli taraplary ylalşygy saklamaga çagyryp, “hemmetaraplaýyn ylalaşygy saklamak we berjaý etmek taraplaryň ählisiniň jogapkärçiligi bolup durýar” diýdi.

"Biz degişli taraplaryň ählisini sabyr-takatlylyga, dialogy güýçlendirmäge we dartgynlyklary güýçlendirmekden gaça durmaga çagyrýarys” diýip, Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Geng Şuang adaty metbugat brifinginde, 8-nji maýda aýtdy.

Şeýle-de ol Hytaýyň Birleşen Ştatlaryň Eýrana garşy birtaraplaýyn sanksiýa girizmegine “aýgytly garşy” durýandygyny sözüne goşdy.

2015-nji ýylda baglaşylan ýadro ylalaşygy Eýrana öz ýadro programmasyny jylawlamagyň ýerine sanksiýlardan boşamak mümkinçiligini berdi.

Emma Tramp 2018-nji ýylyň maýynda bu ylalaşygyň Tähranyň ballistik raketalaryny jylawlamaýandygyny, Ýakyn Gündogardaky proksilerini goldamazlygy öz içine almaýandygyny aýdyp, ABŞ-nyň ylalaşykdan çykýandygyny yglan etdi. Şeýle-de Waşington Eýranyň ykdysadyýetine agyr urgy bolan sanksiýalaryň käbirini yzyna getirdi.

ABŞ-nyň bu çärelerine garamazdan, BMG-niň Halkara atom energiýasy agentliginiň maglumatyna görä, Eýran bu ylalaşygyň şertlerini ýerine ýetirmegi dowam etdirdi.

Ylalaşygyň ýewroply goldawçylary bu şertnamany halas etmäge çalyşýarlar, emma Tähran bu prosesiň örän haýal barmagyndan şikýat etdi.

Tähran bilen Waşingtonyň arasyndaky dartgynlyklar ABŞ bu ylalaşykdan çykaly bäri güýçlendi we Birleşen Ştatlar golaýda Eýrana garşy basyşlaryny artdyrdy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG