Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda “Ölümsizler polky” ady bilen ýöriş geçirildi, oňa gatnaşyjylar mekdebiň töwereginde aýlandy


Illýustrasiýa suraty. Uruş weterany

9-njy maýda Aşgabadyň A. S. Puşkin adyndaky rus-türkmen mekdebinde “Bessmertnyý polk”, ýagny “Ölümsizler polkunyň” ýörişi geçirildi. Bu barada Russiýanyň RIA Nowosti habar agentligi habar berýär.

Agentligiň maglumatyna görä, bu ýöriş Aşgabatda eýýäm dördünji gezek geçirilýär.

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guramagynda geçirilen bu çärä A. S. Puşkin adyndaky rus-türkmen mekdebiniň okuwçylary gatnaşdy. Olar mekdebiň töwereginde uruşda ölen ata-babalarynyň portretlerini göterip aýlandylar.

Agzalýan rus-türkmen mekdebini Russiýa döwletiniň maliýeleşdirýän Türkmenistandaky ýeke-täk mekdebidir.

Maglumatda “Ölümsizler polkunyň” Aşgabatdaky ýörişine türkmen resmileriniň gatnaşyp gatnaşmandygy barada habar berilmeýär.

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesiniň maglumatlaryna görä, 9-njy maý – Ýeňiş güni ýurduň bäş welaýatynda giňden bellenilip geçildi. Paýtagt Aşgabatda ýerleşýän “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň “Baky şöhrat” ýadygärliginde uruşda wepat bolanlar hatyralandy.

4-nji maýda Aşgabadyň Mekan köşgünde II Jahan urşuna gatnaşan uruş weteranlaryna Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan pul sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Ýöne döwlet metbugaty onuň möçberi barada habar bermedi.

Post-sowet giňişligindäki ýurtlarda II Jahan urşunyň weteranlaryna berlen pul sylaglarynyň möçberi deňeşdirilende, 2019-njy ýylda Gazagystan öz weteranlaryny 1336 dollar, Özbegistan 888 dollar, Azerbaýjan 587 dollar möçberinde pul sylagy bilen sylaglap, olar öňki sowet ýurtlarynyň arasynda ilkinji üçlügi eýeledi. Rus hökümeti jahan urşunda ýeňiş gazanan weteranlaryna 2019-njy ýylda 153 dollar pul sylagyny gowşurdy. Türkmenistanda bu ýyl weteranlara prezidentiň adyndan gowşurylan pul sylagynyň möçberi köpçülige mälim edilmedi.

Geçen 2018-nji ýylda Türkmenistan uruş weteranlaryny 200 manat pul sylagy bilen sylaglapdy. Bu şonda walýutanyň resmi bahasyna görä 57 dollar, onuň gara bazardaky şol wagtky bahasyna görä 11 dollara barabar bolupdy.

Türkmen mediasy ýurtda uruş weteranlarynyň hem-de tylda edermenlikli zähmet çekenleriň we gurban bolan Watan goragçylarynyň ýanýoldaşlarynyň uly hormat bilen gurşalyp alnandygyny nygtaýar.

Türkmenistanda aýatda diri uruş weteranlarynyň we uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlarynyň anyk sany barada metbugatda açyk maglumat berilmeýär.

Russiýanyň RIA Nowosti habar agentliginiň maglumatlaryna görä, II Jahan urşuna Türkmenistandan 300 müň adam gatnaşdy. Türkmenistan SSR-inden 86 müň harby uruşda wepat boldy. 112 adam "Sowet Soýuzynyň gahrymany" diýen at bilen sylaglandy.

Öňki Sowet Soýuzyna girýän beýleki käbir döwletlerde-de 9-njy maý – Ýeňiş güni mynasybetli “Ölümsizler polky” ady bilen ýörişler geçirildi.

Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde geçirilen “Ölümsizler polkunyň” ýörişlerine ýurduň iş başyndaky prezidenti Sooranbaý Jeenbekow hem-de ozalky prezidenti Almazbek Atambaýew gatnaşdy. Bişkegiň Içeri işler edarasynyň maglumatlaryna görä, ýörişlere 50 müňden gowrak adam gatnaşdy.

Metbugat habarlarynda öňki sowet ýurtlarynyň hatarynda Belarus, Gazagystan, Täjigistan ýaly ýurtlarda “Ölümsizler polky” ady bilen ýörişleriň geçirilendigi habar berildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG