Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan II Jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 74 ýyllygyny belleýär


Türkmenistanly uruş weteranlary. Illýustrasiýa suraty
Türkmenistanly uruş weteranlary. Illýustrasiýa suraty

9-njy maýda Türkmenistan II Jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 74-nji ýyldönümini belleýär.

Bu mynasybetli Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkyna gutlag hatyny ugratdy.

Beýleki tarapdan, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň habar bermegine görä, welaýat häkimleriniň hem-de beýleki döwlet baştutanlarynyň prezident Berdimuhamedowa Ýeňiş güni mynasybetli ugradan gutlag hatlary 9-njy maýda paýtagtyň köpçülikleýin transport serişdelerinde, awtobuslarda radio arkaly ýolagçylara eşitdirilýär.

Döwlet metbugatyna görä, Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin, Gazagystanyň geçiji prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gazagystanyň ilkinji prezidenti Nursultan Nazarbaýew we beýleki käbir post-sowet giňişligindäki respublikalaryň döwlet baştutanlary türkmen prezidentine Ýeňiş güni mynasybetli baýramçylyk gutlaglaryny iberipdirler.

9-njy maý Türkmenistanda iş güni.

“Bu gün iş güni; mekdeplerde we döwlet edara-kärhanalarynda iş güni” diýip, Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçysy 9-njy maýda habar berdi.

2017-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Zähmet kodeksine baýramçylyk we hatyra günlerine degişli üýtgetmeler girizilende 9-njy maý – Ýeňiş güni işlenilmeýän baýramçylyk günleriniň hataryndan çykaryldy.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki telewizion kanallary II Jahan urşunda gazanylan ýeňşe bagyşlap telegepleşikleri efire berýär. Hökümete tarapdar habarlary çap edýän orient.tm saýty Ýeňiş baýramçylygyna bagyşlap, watançylyk temasyndaky wideolary köpçülige ýetirýär.

Beýleki post-sowet ýurtlarynda, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynda Ýeňiş güni giňden bellenilip geçilýär.

Russiýa II Jahan urşunda Ýaranlyk güýçleriň Nazist Germaniýasyna garşy gazanan ýeňşiniň 74-nji ýyldönümini Moskwada harby parad bilen belledi.

Şeýle-de, rus metbugaty Ýeňiş baýramyna bagyşlanyp geçirilýän “Ölümsizler polky” atly ýörişlere Moskwada 1 million töweregi adamyň gatnaşmagyna garaşylýandygyny habar berýär.

Şeýle at bilen geçirilýän ýörişleri beýleki post-sowet ýurtlarynda hem görmek mümkin. Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugynyň habaryna görä, 9-njy maýda Minskde 500 töweregi adamdan ybarat topar ellerinde Lenin we Staliniň portretlerini göterip “Ölümsizler polky” atly çäre geçirdi. Minskiniň häkimiýetleri bu çärä çäkli görnüşde rugsat berdi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň habar bermegine görä, Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde 9-njy maýda geçirilen “Ölümsizler polkunyň” ýörişlerine ýurduň ozalky prezidenti Almazbek Atambaýew hem-de iş başyndaky prezident Sooranbaý Jeenbekow hem gatnaşdy. Bişkegiň Içeri işler edarasynyň maglumatyna görä, bu ýörişlere 50 müň töweregi adam gatnaşdy.

Azattyk Radiosy “Ölümsizler polky” ady bilen geçirilen şeýle çäreleriň Gazagystanyň Nur-Sultan we Almaty şäherlerinde-de guramalaşdyrylýandygyny habar berýär.

9-njy maýyň öňüsyrasynda Özbegistanyň paýtagty Daşkentde-de agzalýan ýörişleriň geçiriljekdigi barada käbir maglumatlar internetde peýda boldy, ýöne soňra özbek paýtagtynyň administrasiýasy maglumaty ret edip, “Ölümsizler polkunyň” guramaçylarynyň bu çäräni geçirmek üçin degişli rugsady alyp bilmändiklerini aýtdy.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň maglumatlaryna görä, Ýeňiş baýramçylygy mynasybetli “Ölümsizler polkunyň” çärelerine Duşenbäniň häkimiýetleri rugsat berdi.

"Ölümsizler polky" ady bilen geçirilýän ýörişler ilki bilen 2012-nji ýylda Moskwada geçirilipdi.

Türkmenistanda “Ölümsizler polkunyň” çäreleri barada maglumat ýok, ýöne ýurduň dürli künjeklerinde, metbugat habarlaryna görä, baýramçylyk mynasybetli resmi dabaralar geçirilýär. 6-njy maýda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýüzlerçe adam Ýeňiş güni dabarasyna mejbury gatnaşdyryldy. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu dabaranyň 9-njy maýda, hamala, şol güni geçirilen ýaly edip türkmen telewideniýesinde görkeziljekdigini habar berdi.

Türkmenistanda II Jahan urşunyň weteranlaryna prezidentiň adyndan baýraklar we pul sylaglary gowşuryldy. Resmi metbugat ýurtdaky weteranlaryň sany barada maglumat bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG