Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow media ýolbaşçylaryny bir hepdede ikinji gezek tankyt etdi


Türkmen kameraçylary. Arhiw suraty
Türkmen kameraçylary. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti metbugat ýolbaşçylarynyň işinden, şol sanda olaryň käbiriniň tertipsizliginden nägileligini bildirdi we ýene kadr çalşyp, käýinç we soňky duýduryşlary yglan etdi.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 10-njy maýda geçiren hökümet maslahatynda wise-premýer Bahargül Abdyýewanyň gözegçilik edýän ulgamynyň ýolbaşçylarynyň işlerine gözegçiligi gowşadandygyny aýtdy.

TDH prezidentiň “ýobaşçylara bildirilýän talaplaryň derejesiniň peseldilmeginden” nägile bolandygyny belleýär.

Döwlet baştutanynyň pikiriçe, “ýolbaşçylaryň birnäçesiniň garamagyndaky düzümlerde düzgün-tertip köplenç bozulýar, dürli ýaramaz ýagdaýlara ýol berilýär”. Emma habarda bu "ýaramaz ýagdaýlar" anyklaşdyrylmaýar.

Şunuň bilen baglylykda, prezident, "wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin" diýip, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň başlygy Akmyrat Hudaýberdiýewe berk käýinç yglan etdi.

Şeýle-de oňa, ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek üçin soňky gezek duýduryş berildi.

Mundan başga, garamagyndaky ýolbaşçylaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin diýip, Ministrler kabinetiniň başlygynyň medeniýet we metbugat baradaky orunbasary B.Abdyýewa hem käýinç yglan edildi.

Prezident Berdimuhamedow, metbugatyň işinden, hususan-da ýurtdaky "üstünlikleri ýeterlik beýan edip bilmezliklerinden" nägile bolup, B.Abdyýewadan öňki wise-premýerlere hem yzygiderli käýinç, duýduryş beripdi. Ahyrynda olar orunlaryny häzirki wise-premýere bermäge mejbur boldy.

Şeýle-de TDH “Nesil” gazetiniň baş redaktory Mähriban Gandymowanyň, başga işe geçmegi sebäpli, wezipesinden boşadylandygyny habar berýär.

Resmi düşündirişe görä, bu karara Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň teklibi esasynda gelnipdir.

"Nesil" gazetiniň baş redaktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek gazetiň baş redaktorynyň orunbasary Leýli Kurbanowanyň üstüne ýüklendi.

Bu türkmen prezidentiniň bir hepdäniň içinde metbugat ýolbaşçylaryna ikinji gezek nägilelik bildirişi boldy.

Berdimuhamedow 7-nji maýda Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy Nurmämmet Garlyýewe berk käýinç we soňky duýduryş yglan etdi.

Resmi maglumata görä, ol “wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, teleradioýaýlymlaryň işine gözegçiligi gowşadypdyr”. Şeýle-de prezident, “işde goýberen düýpli kemçilikleri” üçin “Miras” teleradioýaýlymynyň başlygy Bäşim Ataýewi wezipesinden boşatdy.

“Azatlygyň” bu resmileriň anyk nähili kemçilik goýberendikleri barada maglumat almak synanyşygy netije bermedi.

Hukuk goraýjylary Berdimuhamedowyň media ýolbaçşylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen, metbugat hakyndaky kanunçylygy gödek we yzygiderli bozýandygyny, netijede kanunda gadagan edilen senzurany saklap galýandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanda metbugat azatlygy indeksinde şu ýyl 180 ýurduň içinde iň soňky orny aldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG