Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň bazarlaryndaky soňky bahalar: käbir harytlarda gymmatçylyk saklanýar, ýerli un tapdyrmaýar


Illýustrasiýa suraty

Azatlyk Radiosynyň aşgabatly habarçylary paýtagtyň bazarlaryndaky käbir iýmit önümleriniň soňky bahalaryny öwrendi.

13-nji maýda Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylary howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertlerinde bazarlardaky soňky bahalar barada habar berdi.

Gündogar bazar atlandyrylýan Altyn Asyr bazaryndaky bahalar: Gök-bakja we miwe önümleriniň nyrhlary örän gymmat” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýdýar.

Onuň maglumatlaryna görä, käbir gök we miwe önümleriniň 1 kilogramyna degişli bahalar şeýle:

  • Alma: 17 manat
  • Hyýar: 5 manat
  • Pomidor 6 manat
  • Düýp sogan: 1 manat 50 teňňe
  • Kartoşka: 5 manat

Altyn Asyr bazary şäheriň eteginde ýerleşip, ol ilat arasynda "Altyn Asyr gündogar", ýagny “oriental Altyn Asyr ” bazary ýa-da "Täze jygyldyk" bazary atlandyrylýar. Bu bazar Aşgabadyň demirgazyk tarapynda ýerleşýär.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky ikinji habarçysynyň bahaladan almasynyň 1 kilogramy 10 manat. Onuň iberen bahalary şeýle:

"

Garpyzyň 1 kilogramy 7 manat, ortaça gawunyň 1 sanysy 40 manat, biraz ulurak gawun 50 manat. Kartoşkanyň 1 kilogramy 5 manat"

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky üçünji habarçysy 9-njy maýda Teke bazardaky bahalardan habar berdi:

“Teke bazarda sygyr we goýun etleriniň 1 kilogramy 24 manat, ozallar 18 manatdy. Towuk budunyň 1 kilogramy 10 manat, onuň 100-150 gramy buz. Gazagystanda öndürilen unuň 1 kilogramy 6 manat. Ýerli un satuwda ýok, hökümet pekarnylaryna iberilýär. Pomidoryň 1 kilogramy 6 manat, hyýaryň 1 kilogramy 5 manat. Takmynan 150 gramlyk çörek 3 manat. Makaronyň 1 kilogramy 12 manat. Günebakar ýagynyň 1 litri 45 manat” diýip, habarçy maglumat berýär.

Geçen ýylyň sentýabr aýynda demirgazyk Türkmenistanda etiň 1 kilogramy 38 manada, jylka etiň 1 kilogramynyň bahasy 59 manada çykypdy.

2018-nji ýylyň awgust aýynda Aşgabadyň käbir söwda nokatlarynda 1 kilogram jylka sygyr etiniň bahasy 42 manada çykypdy.

Etiň soňky bahalary geçen ýylyň awgust-sentýabr aýlary bilen deňeşdireniňde tas iki esse arzanlandygyny görkezýär.

Ýatlasak, “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri aprel aýynda Aşgabadyň bazarlaryndaky bahalaryň ýanwar – mart aralygy üçin seljermesini çap edipdi.

Neşiriň geçiren degişli barlaglaryndan mälim bolşuna görä, käbir iýmit önümleriniň bahalarynyň mart aýynda ýanwar bilen deňeşdireniňde arzanlandygyny görmek bolýar; 2019-njy ýylyň soňky üç aýynda Aşgabadyň bazarlarynda gök bakja önümleriniň bahalary 26 %, konserwa önümleriniň bahalary 6 % arzanlady. Ýöne şol bir wagtyň özünde miweli ir-iýmişleriň umumy bahasy, geçirilen barlaga görä, üç aýyň dowamynda 38 prosent gymmatlady, meselem, bananyň 1 kilogramy ýanwar – mart aralygynda 8 manatlygyndan 22 manada çykdy.

Azatlygyň habarçysynyň maglumatyna görä häzirki wagtda walýutanyň gara bazarynda Aşgabatda dollar 19 manatdan satyn alnyp, 19 manat 40 teňňeden satylýar. Türkmenistanyň merkezi banky dollaryň resmi bahasyny 3.5 manatlygynda saklaýar.

Synçylar ýurtda walýutanyň gara bazardaky bahasy bilen onuň resmi kursunyň arasynda uly tapawudyň emele gelmegi bilen, ýerli ýaşaýjylaryň alyjylyk ukybynyň pese gaçandygyny aýdýarlar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýylyň 5-nji iýulynda çykaran permanynda Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet haky 790 manat möçberinde kesgitlenipdi. Bu walýutanyň resmi bahasyna görä 225 dollara, gara bazaryň nyrhyndan 40 töweregi dollara barabar bolýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG