Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýekaterinburgda täze kilisäniň gurulmagyna garşy protestler dowam etdi


Soňky iki günüň dowamynda protestlerdäki nägileligiň gahar-gazaba geçendigini hem synlasa bolýardy.
Soňky iki günüň dowamynda protestlerdäki nägileligiň gahar-gazaba geçendigini hem synlasa bolýardy.

Russiýada müňlerçe protestçi gelim-gidimli seýilgähiň ýerinde täze rus prawoslaw kilisesiniň gurulmagyna garşy tertip üçünji gije protest geçirdiler.

15-nji maýda Russiýanyň dördünji uly şäheri Ýekaterinburgda demonstrantlar gurulmagy göz öňünde tutulýan kilisä garşy çykdylar. Aktiwistler munuň netijesinde şäherde gezelenç etmek üçin galan sanlyja ýeriň has hem kemeljekdigine alada bildirdiler.

Protestçiler polisiýa bilen çakyşanda “Utanç! Utanç” we “Bu biziň şäherimiz!” diýen şygarlary gygyrdylar.

Soňky iki günüň dowamynda protestlerdäki nägileligiň gahar-gazaba geçendigini hem synlasa bolýardy.

Demonstrantlaryň sany barada anyk maglumat bolmasa-da, 15-nji maýda olaryň 2 müň töweregi bolandygy çaklanylýar.

Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň beren maglumatyna görä, protestleriň 13-nji maýda başlanaly bäri azyndan 20 töweregi adam tussag edilipdir.

Prawoslaw kilisesiniň liderleri kommunizm döwri ýykylan kilisäniň täzeden dikeldilmelidigini öňe sürýärler.

XS
SM
MD
LG