Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Gazprom” bilen “Türkmengaz” arbitraž dawalaryny bes etmek boýunça ylalaşdy


"Gazprom" kompaniýasynyň logosy

Russiýanyň “Gazprom Eksport” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýeti bilen Türkmenistanyň “Türkmengaz” döwlet konserni gaz dawalaryny arbitraž sudunda çözmek tagallalaryny bes etmek boýunça 2019-njy ýylyň başynda ylalaşdylar.

Bu barada Russiýanyň “Interfaks” habar agentligi 15-nji maýda habar berdi.

“Gazprom” 2015-nji ýylyň iýun aýynda Stokgolmyň ykdysady dawalara seredýän arbitraž suduna “Türkmengazyň” üstünden şikaýat bilen ýüz tutup, Türkmenistanyň Russiýa satýan gazynyň bahalaryna seredilmegini sorapdy. Munuň yzýany, iýun aýynda Türkmenistanyň Nebit-gaz ministrligi “Gazpromy” türkmen gazyna degişli tölegleri töläp bilmezlikde aýyplapdy.

Ondan ozal, şol ýylyň başynda “Gazprom” Türkmenistandan satyn alýan gazynyň ýyllyk möçberini 11 milliard kub metrden 4 milliard kub metre düşüripdi.

2009-njy ýyla çenli Russiýa Türkmenistandan ýyllyk 40-45 milliard kub metr töwereginde gaz satyn aldy.

Türkmenistan bilen onuň şol döwürlerdäki esasy energiýa müşderisi bolan Russiýanyň arasynda gaz hyzmatdaşlygy boýunça krizis 2009-njy ýylda ýüze çykdy.

Şol ýylyň 9-njy aprel güni Merkezi Aziýa – Merkez gaz geçirijisinde partlama boldy. Türkmenistan bu partlama boýunça “Gazpromy” aýyplady, onuň Türkmenistandan alýan gazyny öňünden duýdurmazdan birtaraply azaltmagynyň geçirijini partladandygyny aýtdy.

Bu dörän energiýa krizisinden soňra taraplar gaz söwdasyny 2010-njy ýylyň 9-njy ýanwarynda täzeden dikeltdi.

“Forbes” neşiriniň ýazmagyna görä, 2010-nji ýylda täzelenen ylalaşyga laýyklykda, “Gazprom” Türkmenistandan her 1000 kub metr gaza 240 dollar çemesi pul töläp, “al we töle” şertindäki möçber boýunça, ýylda 10 milliard kub metr gaz almaly bolupdyr.

Ýöne, meselem, Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň elektron gazeti agzalýan ylalaşyk bilen baglylykda “Gazpromyň” bu şertnamanyň talaplaryny “yzygiderli bozýandygyny” aýdyp, 2015-nji ýylyň fewral aýynda maglumat çap edipdi.

Geň ýeri, häzirki wagtda agzalýan çelgidäki maglumat toplumyň elektron gazetinde elýeterli däl.

Russiýa 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Türkmenistandan gaz satyn almagy doly bes etdi.

Bu ädim berk walýuta çeşmesi hökmünde uglewodorod serişdelerinden gelýän girdejä güýçli garaşly bolan Türkmenistanyň ykdysadyýetine ep-esli basyş etdi. Türkmenistan soňky iki ýyldan gowrak wagt bäri ykdysady kynçylyklary başdan geçirip geldi.

Soňky bir ýylyň dowamynda “Gazpromyň” başlygy Alekseý Miller birnäçe gezek Türkmenistana sapar edip, Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy.

Şu ýylyň aprel aýynda iki ýurduň arasyndaky gaz söwdasy täzeden ýola goýuldy.

15-nji aprelde çap eden beýanatynda Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasy Türkmenistandan 2019-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli 1,155 milliard kub metr gazy satyn almagy planlaşdyrýandygyny aýtdy.

Bu söwdanyň detallary jemgyýetçilige mälim edilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG