Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda sil-ýagyndan soň gurluşyk materiallar gymmatlady


Gurluşyk meýdançasy, Türkmenbaşy (arhiw suraty)
Gurluşyk meýdançasy, Türkmenbaşy (arhiw suraty)

Türkmenistanda gurluşyk materiallarynyň bahasy ýokarlandy. Bu barada habar berýän Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, nyrhlaryň ýokarlanmagy ilkinji nobatda semente degişli bolup, bu önümiň bahasy iki esse çemesi ýokarlanypdyr.

Şu günler Türkmenistanyň Mary welaýatynda sementiň 50 kilogramlyk haltasynyň bahasy 50 manada ýetip, Daşoguzda 40-55 manat aralygynda satylýar. Mundan öň sementiň bahasy 15-18 manatdy.

Türkmenistanda gurluşyk materiallarynyň bahasynyň ýokarlanmagy ýurtda bir aýdan gowrak wagtlap dowam eden ýagynlaryň birnäçe regionyň infrastrukturasyna zyýan ýetiren wagtyna gabat geldi.

Mart aýynyň ikinji ýarymyndan bäri yzygiderli ýagan ýagyn şäherleri, obalary we ekin meýdanlaryny suw almagyna getirdi, gara ýollary ýumurdy we we demir ýollara zeper ýetirip, gatnawy kynlaşdyrdy.

Türkmenistanyň günorta-gündogaryndaky Mary welaýaty we günbataryndaky Balkan welaýaty iň köp zyýan çekdi. 19-njy martda Bereket şäheriniň uly bölegini we onlarça obany suw aldy, yzýany Serdar, Türkmenbaşy we Balkanabat şäherleri suwdan zyýan çekdi.

Mary welaýatynda sil-ýagynlar Tagtabazar, Serhetabat şäherlerine zyýan ýetirdi. Bu ýerde sil suwlaryndan ýüzlerçe ýaşaýyş jaýa zyýan ýetdi, onlarçasy doly ýumruldy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri tebigy hadysadan ätiýaç bolmak barada köpçülige öňünden resmi duýduryş bermediler, hem-de sil-ýagynlaryň ýurtda hatda bolandygyny hem agzamadylar.

Şol bir wagtda-da, Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary we çeşmeleri häkimiýetleriň suw howdanlarynyň mümkin joşmagynyň öňüni almak boýunça çäre görýändigini habar berýärler. Häzirki wagtda, hususan-da, Mary welaýatynda Murgap derýasynda bent gurýarlar we suw howdanlarynyň töwerek daşlaryny berkidýärler.

Güýçli ýagynlary başdan geçiren Aşgabadyň ýaşaýjylary iki hepdä golaý wagtlap onuň netijeleri bilen ýüzbe-ýüz bolmagynda galýarlar.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, paýtagtyň köçeleri suwdan we läbikden arassalanan hem bolsa, ýaşaýyş jaýlaryň ýerzeminlerinde we birinji gatlarynda henizem suw we läbik saklanýar. Bejeriş işleri ýaşaýjylaryň öz hasabyna amala aşyrylýar.

​"Öňki Ýubileýnaýa, häzirki Ankara köçesiniň ugrundaky ýaşaýyş jaýlarynda ýerleşýän ýerzeminleri arassalamak işleri heniz hem dowam edýär. Ýerzeminleriň käbirini bölekleýin, käbirini ýarysyna çenli, käbirini-de dolulygyna läbik sil suwlary basdy. Suwy tölegli çekip aldylar. Ýöne ondaky läbigi adamlaryň özi arassalamaly bolýar” diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 29-njy aprelde habar berdi.

Gurluşyk Türkmenistanda ileri tutulýan pudak hasaplanylýar. Türkmen hökümeti ýurtda gurluşyk serişdeleriniň önümçiligini, şol sanda sementiň önümçiligini artdyrmak planlaryny ençeme gezek mälim edipdi.

Ýurduň sement öndüriji dört sany kärhanasy bar. Kelatada, Baharlyda, Balkanda we Lebapda ýerleşýän kärhanalaryň her biri ýylda 1 million tonna çenli sement öndürmäge ukyply. Resmi medianyň maglumatlaryna görä, Lebapdaky sement zawody 2018-nji ýylda agzalan kuwwata laýyk 1 million tonna sement öndüripdir we 250 müň tonna sementi Owganystana we Özbegistana eksport edipdir.

Mundan başga-da, geçen ýyl Türkmenistanyň hökümeti welaýatlarda ýylda 300 müň tonna sement öndürmäge ukyply kiçi hususy kärhanalary gurmak planlaryny yglan edipdi. Şol planlar prezidentiň importuň ornuny tutýan ýerli önümçiligi artdyrmak barada noýabrda eden nobatdaky tabşyrygynyň yzýany gaýtalanypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG