Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan ilatyna dünýäde iň pes tizlikli Internet hödürleýän ýurt – “Ookla”


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistan Internet tizliginiň derejesi boýunça geçirilen barlagda 179 ýurduň arasynda iň yzdaky orny eýeldi

Internet we mobil torlaryň synag seljermeleri boýunça iş alyp barýan “Ookla” kompaniýasynyň soňky barlaglaryna görä, Türkmenistan “oturymly brodbend” (fixed broadband), ýagny öýe ýa-da edara-kärhanalara oturdylan giň gerimli internet tizliginiň derejesi boýunça 179 ýurduň arasynda iň yzdaky orny eýeledi.

Internetiň tizligini anyklaýan “Speedtest” barlag tilsiminiň barlaglaryna görä, Türkmenistanda ilata niýetlenen “oturymly brodbend” (fixed broadband) arkaly hödürlenýän internetiň iň ýokary tizligi maglumat indirmek üçin sekuntda 3.11 megabite (3.11 Mbps), tora maglumat ýüklemek üçin sekuntda 4.08 megabite (4.08 Mbps) deňdir.

Beýleki tarapdan, türkmen hökümeti soňky wagtlarda dürli pudaklara ýokary depginde sanly ulgamlaryň ornaşdyrylýandygyny tekrarlaýar. Türkmen metbugatynda sanly lukmançylyk, sanly bilim ýaly adalgalar peýda bolup başlady.

Ýöne, düýbi Seattleda ýerleşýän “Ookla” kompaniýasynyň “Speedtest” platformalarynyň geçiren barlaglaryna görä, 179 ýurduň arasynda Türkmenistan öz ilatyna dünýäde iň haýal internet hödürleýän ýurt. Tizlik testiniň platformalary Türkmenistany mobil internetiň tizligi boýunça döredilen sanawa girizmändir.

“Speedtest” ýurtlaryň mobil ýa-da oturymly internet sanawlaryna girip bilmegi üçin 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, her ýurtdan azyndan 300 ulanyjynyň internet tizligini “Speedtest” platformalary arkaly barlamagyny talap edipdir. Ýagny, Türkmenistanyň oturymly brodbendiň tizligi boýunça sanawa girizilmegi, ýurt içinde azyndan 300 oturymly brodbend ulanyjysynyň “Speedtest” tilsimi arkaly öz internet tizligini barlandygyny alamatlandyrýar.

“Speedtestiň” barlaglaryna görä, dünýäde iň ýokary tizlikli internet Singapurda hödürlenýär. Ol ýerde oturymly brodbend arkaly hödürlenýän internetiň tizligi sekuntda 197.5 megabite deňdir. Beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynda Gazagystan dünýäde 62-nji, Gyrgyzystan 90-njy, Täjigistan 110-njy, Özbegistan 124-nji orunda ýerleşdirilipdir.

Türkmenistan diňe bir haýal interneti däl, eýsem, geçirilen derňewlere görä, häkimiýetler tarapyndan berk süzülýän interneti ilata hödürleýär. Azatlyk Radiosynyň şu ýylyň ýanwar aýynda geçiren derňewlerine görä, türkmen hökümetine ýakyn çeşmeler ýurt raýatlaryny Internetde yzarlamak üçin häkimiýetleriň Rohde & Schwartz nemes kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edýändigi barada güýçli alamatlaryň bardygyny habar berdi.

Beýleki tarapdan, “Asman oky” firmasynyň döreden “Aşgabat şäher telefon ulgamy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň websaýtyndaky maglumatlara görä, Aşgabadyň ilatyna öý üçin sekuntda 2 megabit tizlikde oturymly brodbend internet hyzmatlary hödürlenýär. Bu tizlik kärhananyň hödürleýän maglumatlaryna görä, ilata hödürlenýän iň ýokary tizlikli internet bolup durýar. Onuň aýlyk bahasy 350 manat. Bu walýutanyň ýurtdaky resmi kursunda 100 dollara, gara bazaryň nyrhynda 20 töweregi dollara barabar bolýar.

Ýöne “Türkmentelekom” aragatnaşyk kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, ýurtda döwlete degişli edaralara we hususy kompaniýalara sekuntda 10 megabit tizlige çenli oturymly brodbend Internet hyzmatlaryny hödürlenýär. Onuň bahasy aýda 4200 manat bolup, bu resmi kursdan 1200 dollara deň bolýar. Türkmenistanda hereket edýän daşary ýurt kompaniýalary bu hyzmatlardan peýdalanmak üçin eýeçiliginiň görnüşine görä aýda 3600 – 4600 dollar aralygynda pul tölemeli.

Halkara hukuk goraýjy toparlar Türkmenistanda Internetiň çäklendirilmegini tankyt edip gelýär.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanyň goňşusy Özbegistan golaýda käbir daşary ýurt habar serişdeleriniň saýtlaryny ýurt raýatlaryna elýeterli etdi. Türkmenistanda köp sanly daşary ýurt habar çeşmeleriniň saýtlary, şol sanda Azatlyk Radiosynyň sahypasy petikli bolmagynda galýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG