Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda "Talybana" garşy urlan howa zarbalary polisiýanyň azyndan 9 ofiserini öldürdi


Helmand welaýatynyň gubernatory Mohammad Ýasin

Helmand welaýatynda “Talybana” garşy alnyp barylýan söweşiň çäginde urlan howa zarbasy, ýalňyşlyk netijesinde, owgan polisiýa ofiserleriniň azyndan dokuzysyny, şol sanda olaryň komandirini öldürdi diýip, ýerli resmiler aýtdylar.

Şeýle-de olar 16-njy maýda, welaýat paýtagty Laşkar-Gahyň golaýyndaky Nahre-Şiraj etrabyna urlan howa zarbasynda 14 polisiýa ofiseriniň ýaraly bolandygyny aýtdylar.

Helmand welaýatynyň gubernatory Mohammad Ýasin bu hadysanyň derňelýändigini aýtdy.

Onuň sözçüsi Omar Zwak bu howa zarbasyny, talyban söweşijilerini bu etrapdan çykarmak üçin, Owganystandaky daşary ýurt güýçleriniň urandygyny aýtdy.

Jeňçi topar bu zarbanyň arkasynda ABŞ güýçleriniň durandygyny öňe sürdi.

Bu waka boýunça NATO ýolbaşçylygyndaky Aýgytly kömek missiýasyndan ýa-da ABŞ harbylaryndan bada-bat düşündiriş berilmedi.

XS
SM
MD
LG