Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda üç şahyr türme tussaglygyna höküm edildi


(çepden saga) Reza Khandan Mahabadi, Baktaş Abtin we Kaýwan Bajan

Eýranda sud üç şahyry milli howpsuzlyga garşy jenaýat etmekde günäli tapyp, umumy hasapda 18 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Reza Khandan Mahabadi, Baktaş Abtin we Kaýwan Bajan “döwlete garşy propogandada” we “milli howpsuzlyga garşy hereket etmekde” günäli tapyldylar. Olaryň her birine alty ýyl türme tussaglygy berildi.

Su diňlenişiginiň apreliň aýagynda geçirilendigi aýdylýar.

Bular ýaly aýyplamalar, adatça, inteligensiýanyň wekillerine we Eýranyň ruhany režimini tankytlaýanlara garşy bildirilýär.

Türmä höküm edilenleriň üçüsi hem Eýranyň Ýazyjylar birleşmesiniň agzalarydyr. Soňky döwür resmiler Birleşmäniň agzalaryny gorkuzyp, türmä basyp, oňa garşy basyşlaryny güýçlendirdiler.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG