Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Bankomatlaryň öňünde ýene uly nobatlar, ýöne nagt pul ýok...


Aşgabatdaky bank şahamçalarynyň biriniň öňünde nobata duran adamlar. Arhiwden alnan surat

Aşgabadyň azyndan iki bankyndaky bankomatlaryň öňünde onlarça adamyň, şol sanda ýaş çagaly eneleriň we gartaşan adamlaryň uly nobata durandygy barada Azatlyk Radiosynyň redaksiýasyna wideolar gelip gowuşdy.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary we çeşmeleri tarapyndan geçen hepdäniň dowamynda iberilen wideolaryň birinde bank şahamçasynda ýerleşdirilen bankomatdan zähmet haklaryny, kömek pullaryny ýa-da pensiýa haklaryny nagtlaşdyrmak üçin nobata duran adamlaryň sanynyň onlarçadygyny görse bolýar.

Bank şahamçasynyň edara jaýynyň içinden köçä çenli uzap gidýän nobatda duranlaryň arasynda ýaşlar we orta ýaşly adamlar bilen bir hatarda, eli çagaly eneler, gartaşan aýallar we erkekler hem bar.

Ýaşy bir çene baran käbir aýallar bolsa, golaý-goltumdaky agaçlaryň kölegesinde oturyp, öz nobatynyň ýetmegine garaşýar.

Redaksiýamyza gelip gowşan ikinji wideoda hem şuňa meňzeş ýagdaýlary synlasa bolýar. Paýtagtyň banklaryndaky we bank şahamçalaryndaky bankomatlaryň ýerleşýän ýerine kameralar arkaly iki tarapdan gözegçilik edilýär.

Azatlyk Radiosynda gürrüňi edilýän wideolar, olaryň haçan we nirelerde düşürilendigi barada takyk maglumatlaryň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli olary mälim etmekden saklanýar.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biriniň 21-nji maýda beren maglumatyna görä, paýtagtyň bankomatlarynyň öňünde nobatlar hemişe diýen ýaly bar. Ol munuň sebäplerini hatardan çykan bankomatlaryň köplügi we ilata hyzmat edýänleriniň sanynyň bolsa, azlygy bilen düşündirýär.

“Mysal üçin, bir bankyň şahamçasynyň töwereginde 3-4 bankomat bar bolsa, olaryň biri ýa-da ikisi işleýär. Käte bankomat kartyňy kabul edýär, ýöne pul bermeýär. Adamlar şu ýagdaýa ýygy-ýygydan duş gelýärler. Şeýle bolanda, eger bankyň şahamçasy bolsa, onda merkezine baryp arza ýazmaly. Şondan bir hepdeden soň puluňy alyp bolýar. Şeýle-de, bankomatlar köne, olaryň düwmelerini basanyňda, ekranda hereket ýok. Şol sebäpden gödek basyp hereketlendirmeli, düwmesini barmagyň bilen yzyna çekmeli” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, “nobatsyz bankomat bolsa, adamlar habarlaşyp, derrew şol ýere barýarlar, ýöne bu bankomatlardaky nagt pul hem dessine gutarýar we nobatlar ýene döreýär”.

Şol bir wagtda, habarçy VISA plastik bank kartlary üçin niýetlenen bankomatlaryň bökdençsiz işleýändigini, bu problemanyň diňe türkmen banklary tarapyndan berlen plastik kartlary kabul edýän bankomatlara degişlidigini hem belledi. Bu bankomatlardan býujet işgärleri aýlyklaryny, ýokary okuw jaýlarynyň studentleri talyp haklaryny, pensionerler pensiýa haklaryny, çagaly eneler we mümkinçiligi çäkli raýatlar kömek pullaryny nagtlaşdyrýarlar.

Türkmenistanda edara-kärhanalaryň işgärleri plastik bank kartlaryna geçirilen zähmet haklaryny nagtlaşdyrmakda indi iki ýyldan gowrak wagt bäri wagtal-wagtal kynçylyklary başdan geçirýärler.

Soňky ýyllarda ykdysady kynçylyklardan ejir çekýändigi aýdylýan Türkmenistanda bankomatlarda nagt puluň tapdyrmaýandygy ýa-da olaryň hatardan çykmagy bilen bagly Azatlyk Radiosy ençeme gezek habar berdi.

25-nji aprelde Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki bankomatlarda nagt puluň tapdyrmaýandygy, edara-kärhanalaryň işgärleriniň plastik bank kartlaryna iberilen zähmet haklaryny nagtlaşdyrmak üçin ençeme sagatlap nobata durýandygy mälim boldy. Şuňa meňzeş ýagdaýlar şu ýylyň fewral we ýanwar aýlarynyň başynda hem gaýtalanypdy.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň websaýtynda berlen maglumatda 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda tutuş ýurt boýunça 2 müň 198 sany bankomatyň hasaba alnandygy we onuň 499 sanysynyň Aşgabatda ýerleşýändigi aýdylýar.

Şeýle-de, Türkmenistanyň banklaryndan berlen bank kartlarynyň sanynyň 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda 3 million 190 müň 820-ä ýetip, bularyň 1 million 156 müň 958 sanysynyň Aşgabat şäherine degişlidigi bellenilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Rus dilinde hem okaň

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG