Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Balkanyň bankomatlarynda ýene nagt pul tapdyrmaýar; adamlar uly nobatlara durýar


Türkmenistanda bankomatyň öňzünde nobata duran adamlar. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki bankomatlarda nagt pul tapdyrmaýar, edara-kärhanalaryň işgärleri plastik bank kartlaryna iberilen zähmet haklaryny nagtlaşdyryp bilmän kösenýärler.

Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçylarynyň biriniň anonim şertde beren maglumatyna görä, indi bir hepde gowrak wagt bäri şäheriň banklaryndaky we olaryň şahamçalaryndaky bankomatlaryň öňünde adamlaryň uly nobatlara durmagy dowam edýär.

“Nagt pul tas ýok diýen ýaly. Adamlar öz aýlyklaryny nagtlaşdyryp bilmeýärler. Bankomatlaryň öňüne 70-80 adam üýşýär, käte ondan hem köp” diýip, habarçy 25-nji aprelde gürrüň berdi.

Ol düýn, ýagny 24-nji aprelde şäheriň Nebitçiler köçesiniň ugrundaky “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik bankynyň bankomatynyň öňünde adamlaryň uly üýşmeleňiniň emele gelendigini aýdyp, şeýle diýdi:

“Bu ýerde nobata duran adamlaryň toparlary, hamana, demonstrasiýa geçirilýän ýaly bolup görünýärdi. Adamlar näme etjegini bilenoklar. Olar pul geler öýdüp, her gün bankomatlaryň öňüne üýşýärler” diýip, habarçy belledi.

Aýdylmagyna görä, nobata duran ýaşaýjylara ne bank işgärleri, ne-de beýleki türkmen resmileri bankomatlarda nagt puluň haçan boljakdygy barada maglumat ýa-da düşündiriş berýärler.

“Bank işgärleri eýýäm ençeme gün bäri adamlara “Ertir geliň!” diýýärler. Ýöne bankomatlarda pul indi bir hepdeden hem köp wagt bäri ýok. Bank işgärleri ýa-da beýleki resmiler bankomatlaryň öňünde nobata duran adamlary öýlerine ibermäge synanyşýarlar. Şeýdip olar adamlaryň üýşmeginiň öňüni almaga çalyşýarlar” diýip, habarçy sözüni jemledi.

Iki ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanda edara-kärhanalaryň işgärleri plastik bank kartlaryna geçirilen zähmet haklaryny nagtlaşdyrmakda wagtal-wagtal kynçylyklary başdan geçirýärler.

Soňky ýyllarda ykdysady kynçylyklardan ejir çekýändigi aýdylýan Türkmenistanda bankomatlarda nagt puluň tapdyrmaýandygy ýa-da olaryň hatardan çykmagy bilen bagly Azatlyk Radiosy ençeme gezek habar berdi.

Fewral aýynyň 8-ne Azatlygyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri özüniň azyndan 25 bankomadyň ýerleşýän ýerine baryp görendigini, ýöne olaryň hiç birinden-de nagt pul alyp bolmaýandygyny aýtdy. Şonda pensionerler pensiýa haklaryny, çagaly eneler we mümkinçiligi çäkli adamlar kömek pullaryny ençeme günläp nagtlaşdyryp bilmedi.

Şuňa meňzeş ýagdaý 7-nji ýanwarda hem gaýtalanypdy we şonda pensionerler öz pensiýa haklaryny almak üçin ençeme günläp bankomatlaryň öňünde uzyn nobatlary emele getiripdiler.

Dekabr aýynyň ikinji ongünlüginiň ahyrynda bolsa, ýurduň maliýe we ykdysadyýet ministri ähli edara-kärhanalaryň aýlyklarynyň doly geçirilendigini mälim etse-de, Azatlygyň Aşgabatdaky we Balkandaky habarçylary bankomatlarda nagt puluň tapdyrmaýandygyny habar berdiler.

Türkmenistanda býujet işgärleriniň zähmet haklaryny, ýokary okuw jaýlarynyň studentleriniň talyp haklaryny, pensionerleriň pensiýa haklaryny, çagaly eneleriň we mümkinçiligi çäkli adamlaryň kömek pullaryny bank hasaplaryna geçirmek işleri soňky bäş ýyldan gowrak wagtyň dowamynda tapgyrlaýyn amala aşyryldy.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň websaýtynda berlen maglumatda 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda tutuş ýurt boýunça 2 müň 198 sany bankomatyň hasaba alnandygy we onuň 271 sanysynyň Balkan welaýatynda ýerleşýändigi aýdylýar.

Şeýle-de, Türkmenistanyň banklaryndan berlen bank kartlarynyň sanynyň 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda 3 million 190 müň 820-ä ýetip, bularyň 314 müň 917 sanysynyň Balkan welaýatyna degişlidigi bellenilýär.

Türkmen häkimiýetleri bu görkezijileri ilat köpçüligi bilen paýlaşsa-da, bankomatlarda nagt pul ýetmezçiligi we onuň ilata ýetirýän täsirleri barada dymyp gelýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG