Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýada Türkmenistanyň bir raýatyna terror hüjümine taýýarlyk görmekde günä bildirilip höküm çykaryldy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Russiýada Türkmenistanyň bir raýatyna terrorçylyk häsiýetli jenaýat işleri boýunça günä bildirilip höküm çykaryldy.

Russiýanyň Orýol oblastynyň prokuraturasy Türkmenistanyň bir raýatyna garşy terror hüjümine taýýarlyk görmek boýunça günä bildirdi. Bu barada “Weçernyý Orýel” neşiri Orýol oblastynyň prokuraturasynyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

Maglumata görä, agzalýan jenaýat işi boýunça sud diňlenişigi Moskwanyň regional harby sudunda geçirildi.

Moskwanyň regional harby sudy Türkmenistanyň raýatyny terror hüjümine taýýarlyk görmekde, bikanun partlaýjy ýasamakda we terrorçylygy wagyz etmekde günäli tapdy.

Sud Türkmenistanyň raýatyny 5 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi, şeýle-de oňa 100 müň rubl (1550 dollar) möçberinde jerime saldy.

Habarlarda türkmenistanly şahsyň maglumatlary – onuň at familiýasy, ýaşy, Russiýada näme iş bilen meşgullanýandygy we ýaşaýan ýeri barada maglumat berilmeýär.

Azatlyk Radiosy 21-nji maýda Moskwanyň regional harby sudy bilen telefon arkaly habarlaşyp, bu iş boýunça goşmaça maglumat sorady.

Harby suduň metbugat wekili Irina Žirnowa Azatlyk Radiosyna beren maglumatlarynda bu iş boýunça käbir detallary aýdyňlaşdyrdy, ýöne jogapkärçilige çekilen şahsyň maglumatlaryny – at familiýasyny, işini we ýaşyny hem-de onuň anyk haýsy obýektlere hüjüm etmegi planlaşdyrandygyny aýdyp bilmedi.

Habarlardan mälim bolşuna görä, Türkmenistanyň raýatyna terrorçylyk häsiýetli jenaýat işi boýunça günä bildirildi.

Orýol oblastynyň prokuraturasynyň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň raýaty Orýol şäheriniň çäklerinde öz ýasan partlaýjylary bilen birnäçe terror hüjümlerini amala aşyrmagy planlaşdyrypdyr.

Şeýle-de, maglumatda onuň terrorçylygy wagyz etmek üçin öz dostlaryna ýykgynçylykly hereketleri aklaýan wideolary gaýta-gaýta görkezendigi aýdylýar.

Prokuraturanyň çap eden degişli maglumatynda-da türkmenistanly raýatyň at familiýasy agzalmaýar.

Azatlyk Radiosy Moskwanyň regional harby sudunyň metbugat wekili bilen gürrüňdeşlikde bu işe harby kazyýetde garalmagynyň sebäpleri bilen gyzyklandy.

Harby suduň metbugat wekiliniň beren maglumatlaryna görä, Russiýada soňky üç ýyl bäri hereket edýän täze kanunçylyga görä, terrorçylyk bilen ilteşikli ähli işlere harby sud garaýar.

“Weçernyý Orýol” neşiri agzalýan iş boýunça suduň çykaran höküminiň heniz güýje girmändigini mälim etdi.

Moskwanyň regional harby sudunyň metbugat wekili Žirnowa Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda suduň çykaran bu höküminiň 10 günden soň güýje girýändigini aýtdy. Onuň tassyklamagyna görä, 10 günüň dowamynda jogapkärçilige çekilen türkmen raýaty aklawçy tutup, suduň çykaran bu karary boýunça şikaýat arzasyny berip bilýär.

Media maglumatlaryndan mälim bolşuna görä, daşary ýurtlarda bolup geçen terror hüjümlerinde şu wagta çenli türkmen raýatlarynyň ady çykmady.

Ýöne mundan ozal, 2017-nji ýylyň iýul aýynda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Goranmak ministrligindäki çeşmesi Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda, Eýranyň, Owganystanyň we Türkmenistanyň serhetleriniň birleşýän çatrygynda “Yslam döwleti” toparynyň söweşijileri diýlip güman edilýän dört adamyň saklanandygyny habar berdi.

Türkmenistan öz içinde terror hüjümlerinden degişlilikde azat, asuda ýurt hasaplanýar.

Türkmenistanyň döwlet metbugatynda ýurt raýatlarynyň daşary ýurtlardaky durmuşy, olaryň duçar bolýan ýagdaýlary barada maglumat berilmeýär.

Şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň güýç gulluklary raýatlaryň daşary ýurtlara çykmagyna dilden dürli çäklendirmeleri girizip gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Rus dilinde hem okaň

XS
SM
MD
LG