ABŞ-nyň iň uly en öndürijisi "Tyson Foods" öz işlerini Gazagystana çenli giňeltmek isleýändigini aýdýar.
“Biz Gazagystana sapar etdik we bu döwletiň geljekdäki azyk önümçiligi tagallalary bilen gyzyklanýarys” diýip, kompaniýanyň sözçüsi Liz Kroston 23-nji maýda AÝ/AR-a iberen elektron hatynda aýtdy.
Springdaýlde, Arkansasda ýerleşýän kompaniýa sygyr, doňuz, towuk etini, ýarym fabrikatlary, ýagny işlenen azyk önümlerini öndürýär we olaryň belli bir bölegini eksport hem edýär.
Onuň "Cobb-Vantress" guşçulyk toplumy Orsýetde-de işleýär. Gündogar Ýewropada we ozalky Sowet Soýuzynda "Tyson Foods" kompaniýasynyň hiç bir önümçilik desgasy ýok diýip, Kroston aýtdy.
“The Financial Times” 23-nji maýda bu kompaniýanyň Gazagystanda sygyr etini öndürmek we soňra ony Hytaýa eksport etmek maksady bilen köp milliard dollarlyk maýa goýumy barada gepleşýändigini habar berdi.
Gazagystan bilen Hytaýyň 1,800 kilometre golaý araçägi bar.
Gazagystan dünýäniň iň uly bugdaý öndürijileriniň biri bolup durýar. Bu ýurduň mal bakmak üçin millionlap gektar ýeri bar.