Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Katar Saud Arabystanynyň, boýkota garamazdan, ony regional sammite çagyrandygyny aýdýar


Kataryň emiri şeýh Tamim bin Hamad Al Thani (arhiw suraty)
Kataryň emiri şeýh Tamim bin Hamad Al Thani (arhiw suraty)

Saud Arabystanyň patyşasy şu hepde Mekgede geçirilmeli adatdan daşary maslahata gatnaşmak üçin Kataryň ýurt başyndaky emirine çakylyk ýollady diýip, Kataryň Daşary işler ministrligi maglumat berýär.

2017-nji ýylyň iýunynda Saud Arabystany, Müsür, Bahreýn we Birleşen Arap Emirlikleri Katary boýkot edip başlapdylar. Bu hat şondan bäri iki ýurduň arasyndaky ýokary derejeli, köpçülige mälim bolan ilkinji habarlaşma boldy.

Kataryň Daşary işler ministrliginiň berýän maglumatyna görä, patyşa Salmanyň şeýh Tamim bin Hamad Al Thaniýe ýollan hatynda Birleşen Arap Emirlikleriniň kenarlarynda gämilere edilendigi aýdylýan sabotažy we Ýemedäki Eýran tarapyndan goldanylýan Huthi jeňçileriniň saudlaryň gazgeçirijisine eden dronly hüjümini maslahat etmek üçin geçirilýän duşuşyga Dohanyň hem gatnaşmagy soralýar.

Bu hüjümler ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da ýitileşen döwrüne gabat geldi.

Kataryň Daşary işler ministrligi sammite delegasiýanyň ýollanyp-ýollanmajakdygy barada hiç zat aýtmady.

XS
SM
MD
LG